Şu günleriň sazlaşygyny diýseňizläň! Bu sazlaşygy içki dünýäň bilen syzyp ýetişmeseň, beýan edip ýetişerden has giň. Özi hem bu sazlaşygyň süňňünden milli ýol, sogap we raýdaşlyk ýörelgeleri eriş-argaç bolup geçýär. Bu günler bolsa külli yslam dünýäsi bilen bilelikde mukaddes Remezan aýyny garşylaýarys. Bu aý indi asyrlardan bäri Haka has ýakynlygyň, päk niýetleriň, şol sanda saglygyň aýy hökmünde ýüreklerde uly orun eýeläp gelýär. Şu ýyl on iki aýyň soltanynyň baharyň görküne görk goşan dabaralardyr toýlar bilen utgaşyp gelmegi göwünlerimizdäki goşa ýaza öwrüldi. Eýýäm ir säherde müňlerçe ildeşimiz agyz bekläp, niýet etmäge girişýärler.
Mälim bolşy ýaly, oraza tutmak ― musulmançylygyň bäş parzynyň biridir. Oraza tutýan adam özünde ýaradanyň eçilen nygmatlaryna şükürliligi terbiýeläp, durmuşy gatnaşyklaryň many mazmunyna has çuňňur düşünýär, nebsini ýeňmekde uly ädim ädýär. Elbetde, agyz beklemegiň saglygymyz üçin diýseň uly ähmiýeti bar. «Oraza» pars sözi bolup, aslynda, arap dilindäki «Sawm» diýen sözi bilen aňladylýar we ol «Bir zatdan daş durmak, özüňi saklamak, böwet bolmak» ýaly manylary berýär. Agyz beklemegiň amal edilmeginde hem şu many jemlenýär. Gün dogmanka, säher çagyndan başlap, tä Gün ýaşýança käbir endiklerden saklanmak, şeý le hem niýet edinmek bu aýyň esasy sütünleri hasaplanylýar.
Lukmanlar agyz beklemegiň iýmit siňdiriş ulgamynyň işini ýeňilleşdirýändigini aýdýarlar. Çünki bu döwürde tüýkülik mäzleri, aşgazan, bagyr, aşgazanasty mäz, içege dynç alýar. Agyz beklemek işjeň gormonlaryň bölünip çykmagyna ýardam berip, bedeniň deňagramlylygyny kadalaşdyrýar. Orazanyň saglygymyz üçin ähmiýetli taraplarynyň ýene-de biri bedendäki ýarawsyz we gowşak öýjükleriň dargap, täze öýjükleriň sanynyň artmagyna edýän täsiridir.
Päk niýetler bilen başlanan Remezan aýynyň çäginde Gadyr gijesi, Oraza baýramy ýaly dini seneler hem bar. Bu mukaddes aý bilen bagly däpler biziň ýurdumyzda yzygiderli berjaý edilip, döwlet derejesinde Remezan aýynyň aýratyn senelerine ähmiýet berilýär. Şol seneler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň senenamasyndan hem mynasyp orun alar.
Mukaddes aýda oraza tutýan, niýet edip, agyz bekleýän ildeşlerimiziň orazasynyň kabul bolmagyny, doga-dilegleriniň myrada gowuşmagyny arzuw edýärin!
Azat AMANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça hünärmeni.