Halkymyzda ýol, köpri gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanýar. Bu düşünje asyrlaryň dowamynda sünnälenip, asylly ýörelgä öwrülip, milli gymmatlyk hökmünde biziň günlerimize ýetip gelipdir. Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün sebitde deňi-taýy bolmadyk täze, döwrebap şäher– Arkadag şäheri döredi. Watanymyzyň, halkymyzyň beýik geljegine gönükdirilen döwletli tutumlar ildeşlerimiziň her biriniň kalbynda buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär. Dünýä ýaň saljak täze Arkadag şäheriniň keşbine gözellik goşjak dürli maksatly binalaryň milli äheňde atlandyrylmagy bolsa milliligimize bolan buýsanjy goşalandyrýar. Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle hem merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna hem Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy we onuň «Arkadag Binasy» diýlip atlandyrylmagy halkyň Gahryman Ogluna goýýan sarpasydyr. Halka hyzmat etjek dürli maksatly binalara görnükli taryhy şahsyýetlerimiz Aba Annaýewiň, Berdimuhamet Annaýewiň, Saçly Dursunowanyň, Görogly begiň, Döwletmämmet Azadynyň, Aman Gulmämmedowyň, Sahy Jepbarowyň, Şükür bagşynyň atlarynyň dakylyp, olaryň adynyň ebedileşdirilmeginiň özi beýik sylag-hormatyň nyşanydyr. Bu bolsa ýaş neslimizde ata Watana, ene topraga bolan beýik söýgini terbiýelemekde ýakyndan ýardam berýär. Bu günki gün biz taryhyň irki döwürlerinde ençeme şäher-kentlere öz goýnundan ýer beren mukaddes toprakda, Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp mekanda döwrebap Arkadag şäheriniň döreýşine gözli şaýat bolduk. Täze taryhy döwürde «akylly şäherde» dörediljek mümkinçilikler halkyň eşretli durmuşda ýaşaýandygyna ýene bir gezek şaýatlyk edýär.
2023-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebinde mugallymlaryň, ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň 25-nji martynda geçiren “Arkadag” şäheriniň ýolbaşçylaryny bellemek boýunça geçiren maslahatynda öňde goýulan wezipeleri giňden wagyz etmek we dabaralandyrmak maksady bilen “Arkadag şäheri-bagtyň säheri” atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebiniň müdiriniň guramaçylyk işleri boýunça orunbasary A.Kerimgulyýew, mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary B.Jumaýewa, mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ş.Mamaniýazowa dagylar çykyş etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.