“ENELERIŇ GÖRELDESI–NESILLERIŇ ÝÖRELGESI” ATLY WAGYZ-NESIHAT ÝYGNAGY GEÇIRILDI

Häzirki berkarar döwletimizde ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.

2023-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 6-njy orta mekdebinde ýokary synp okuwçy gyzlaryň gatnaşmagynda ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek has-da ýaýbaňlandyrmak, olary jemgyýetçilik işlerine işjeň çekmek, wagtlaryny peýdaly işlere sarp etmeklerine höwes döretmek, maşgala gymmatlyklaryny, ahlak terbiýesini we düzgün-tertibi berjaý etmegi wagyz etmek maksady bilen “Eneleriň göreldesi–nesilleriň ýörelgesi” atly wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Wagyz-nesihat ýygnagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri E.Ýoldaşowa, Kerki etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň müdiriniň orunbasary M.Kurdowa, mekdebiň mugallymy M.Açylowa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler ýaşlary hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgerişlikler bilen ýakyndan tanyşdyryp, ýaşuly nesliň görüm-göreldesine eýermek ýaly asylly däpleri dowam etdirmek, il-gününe, Watanyňa wepaly bolmak ýaly ýagşy gylyklary ündediler.

 

A.RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY