Ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri, edep–terbiýe babatynda miras galdyran däp-dessurlary mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyzyň öňümizde goýýan jogapkärli wezipelerinden ugur alyp, orta mekdeplerde okaýan okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Olarda ýaşlaryň edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri, jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmekleri ündelýär. Wagyz-nesihat çärelerinde esasanam, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryndan peýdalanyp, dürli tymsallaryň, rowaýatlaryň üsti bilen ýaşlaryň edepli-terbiýeli bolmaklygyna çagyrylýar.
2023-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 1-nji orta mekdebinde ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek, wagtlaryny peýdaly işlere sarp etmeklerine höwes döretmek, maşgala gymmatlyklaryny, ahlak terbiýesini we tertip-düzgüni berk berjaý etmegi wagyz etmek maksady bilen “Watanyň daýanjy-edepli ýaşlar” atly wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, Kerki etrabynyň polisiýa bölüminiň KÝaÝeIBB-niň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany P.Annaýew, Kerki etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň müdiriniň guramaçylyk işleri boýunça orunbasary B.Mowlamow dagylar çykyş etdiler.
A.RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.