ÝURDUMYZDA SANLY ULGAMYŇ MÜMKINÇILIKLERI

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şunda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ähli ulgamlaryň döwrebaplaşmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Milli ykdysadyýetimizi ösen döwletleriň derejesine ýetirmek, dünýä ýurtlarynyň ykdysady ösüşinde öz oňyn   netijelerini görkezen öňdebaryjy tilsimatlary, usullary ornaşdyrmak ykdysady syýasatyň esasy ugry bolup durýar.  Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat edýär. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň biziň gündelik durmuşymyza berk ornaşmagy bilen, zähmeti guramagyň usullary, okamagyň we dynç almagyň görnüşleri ep-esli derejede özgerýär, kämilleşýär. Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi. Sanly ulgamyň esasy maksatlary, täze döwrebap innowasion tehnologiýalaryň, maglumat-aragatnaşyk ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ýüze çykýan täsiri hökmünde düşündirilýär, bu täsir ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda öz beýanyny tapýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna berilýän ünsüň we goldawyň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň dünýäniň ähli ýurtlarynyň ykdysady ösüşinde barha uly ähmiýete eýe bolýandygy döwrüň talabydyr. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ýaýramagy işewürligiň wirtual görnüşleriniň, ýagny internet söwdanyň, internet banklaryň, ätiýaçlandyrmak boýunça elektron hyzmatlaryň, wirtual hasaplaşyk ulgamlaryň ýüze çykmagyna getirdi. Täze şertlerde sanly döwrebap tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ýurduň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornunyň pugtalanmagyna, bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň artmagyna ýardam berýär. Sanly ulgama söwda, maliýe-bank ulgamynda, ykdysadyýetde, önümçilikde, senagatda, medeniýetde, sungatda... we şular bilen bir hatarda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda giň ýol açylýar. Kitaphanalaryň sanlylaşdyrylmagy bu ugurda esasy orny eýeleýär. Häzir okamagyň mümkinçilikleri düýpli özgerdilýär. Elektron görnüşdäki kitaplar onlaýn tertipde doly elýeterli boldy. Kompýuteriň, planşetiň, ykjam telefonyň kömegi arkaly islendik wagtda kitaphanalaryň saýtyna girip, zerur maglumatlary toplamaga we neşiri wirtual görnüşde edinmäge mümkinçilik döredildi. Innowasion tehnologiýalar kitaphana-maglumat hyzmatlarynyň hilini üpjün edýär. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine hem sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar. Bu gün elektron neşirler metbugat neşirleri bilen üstünlikli bäsdeşlik edip bilýär we barha meşhurlyga eýe bolýar. Sanly tehnologiýalaryň artykmaçlyklary sanardan kändir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň edýän aladalary, taýsyz tagallalary hem çäksizdir. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ähli işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýärin!

 

Azat AMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY