ÝÖRELGÄMIZ SAGDYNLYK

Halkymyz dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda uly yz galdyrypdyr. Ata-babalarymyz ýaşaýyş-durmuş şertlerine görä, milli ýörelgeleri, däp-dessurlary, edim-gylymlary bilen birlikde dürli oýunlary-da döredip, soňky nesillere miras goýupdyrlar. Nesil terbiýesinde milli oýunlara uly ähmiýet beripdirler. Türkmeniň milli oýunlary ýaşlarda we çagalarda berk bedenliligi, sagdynlygy, çalasynlygy terbiýeläpdir. Olar ýaşlara durmuşda özüňi ýerlikli alyp barmagy, her hili päsgelçilikden baş alyp çykmagy öwredipdir. Hut şol sebäpli milli oýunlar ýaşlar üçin terbiýe mekdebi hasaplanypdyr. Türkmen milli oýunlarynyň hem-de sport güýmenjeleriniň aýry-aýry görnüşleri häzirki günlerde resmi sport görnüşleriniň derejesine eýe boldy. Şolar boýunça milli ýaryşlar hem-de halkara çempionatlar geçirilýär.

2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet  syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda ýaşlaryň arasynda sporty we bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmek we özlerini kämilleşdirmek maksady bilen türkmen milli oýunlarynyň «Düzzüm», «Içýanagyz», «Aşyratdy» görnüşleri boýunça etrap birinjiligini almak ugrynda «Ýörelgämiz sagdynlyk» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri M.Baýramow, Kerki etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy J.Hümmedow dagylar eminlik etdiler. Bäsleşikde «Düzzüm» boýunça Gülruh Geldiýewa I-orna, Ata Annamyradow II-orna, Şeker Baýramowa III-orna,  «Içýanagyz» boýunça Ylham Bagtyýarow I-orna, Jeýhun Allaberdiýew II-orna, Aman Çöliýew III-orna,  «Aşyratdy» boýunça Baýram Penjiýew I-orna, Yhlas Joraýew II-orna, Atamyrat Şaýkulow III-orna mynasyp boldular.  Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.   

Atajan JORAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

              Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň  guramaçylyk bölüminiň müdiri.

 

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY