TEBIGATYŇ SAGDYNLYGY-ADAMZADYŇ BAGTY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi, sebäbi ýurdumyzda ilatyň durmuş abadançylygy ekologiýa abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa abadançylygy halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň esasy şerti bolup durýar.  Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzda daşky gurşawy goramaga, ony has-da baýlaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär, şonuň bilen baglanyşykly giň-gerimli işler amala aşyrylýar.

Watanymyzyň tebigatynyň gözelligine bolan buýsanç Diýarymyza söýgümizi has-da artdyrýar. Şu nukdaýnazardan biz hem 2023-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi  bilen bilelikde guramagynda etrabyň 9-njy çagalar bagynda terbiýelenýän mekdebe taýýarlaýyş toparynyň gatnaşmagynda “Tebigatyň sagdynlygy-adamzadyň bagty” ady bilen tebigata gezelenç geçirildi. Bu gezelençde tebigatyň gözelligi, ony baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada çagalara etrabyň 9-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Dilrabo Kuçimowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Gülşirin Mamedowa dagylar düşünje berdiler. “Tebigatyň sagdynlygy-adamzadyň bagty”  ady bilen geçirilen gezelenç çagalarda örän uly täsir galdyrdy.

             Gülşirin MAMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

 Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Öňki makala

ÝÖRELGÄMIZ SAGDYNLYK

Indiki makala

SPORT ÝÖRELGÄMIZ

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY