SPORT ÝÖRELGÄMIZ

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr!” ýörelgeleriniň düýp özeninde halkymyzyň bagtyýarlygy hakyndaky çuňňur alada ýatyr. Bu ýörelgelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde raýatlaryň saglygyny berkitmek, olaryň sport bilen yzygiderli döwrebap meşgullanmagy ugrunda uly tutumlar durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň kadasyna öwrüldi. Sebäbi yzygiderli beden maşklary işe bolan ukyplylygy artdyryp, ynsany döredijilik işine höweslendirýär. Çünki sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň hem-de täze belentliklere ruhy taýdan okgunlylygyň aýdyň beýanydyr.

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, dünýä ýüzünde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebinde “Sport ýörelgämiz” atly görkezme çykyşlary guraldy. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we olaryň sporta bolan höwesini, gyzyklanmasyny has-da artdyrmak maksady bilen geçirilen çärä mekdebiň sportuň karate görnüşi bilen meşgullanýan ýaş türgenleri gatnaşdylar. Türgenler ýapon söweş sungatynyň iň meşhur görnüşleriniň biri bolan sportuň karate görnüşiniň adamda öz erklilik, dogumlylyk, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleri emele getirýändigi barada gürrüň berdiler.

 

Enejan ÝOLDAŞOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY