Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Türkmenistanda bu ulgamy günsaýyn ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ýurtda bu ugurdaky hereketleriň täze usullary kemala getirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşulýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we beýleki desgalar bina edildi we ulanmaga berildi, hereket edýän ugurdaş desgalar döwrebaplaşdyryldy.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna“ laýyklykda Kerki etrabynyň 2-nji sport mekdebinde bütin dünýäde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Kerki etrabynyň orta mekdepleriniň 2009-2011-nji ýylda doglan oglanlaryndan düzülen toparlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça “Sport saglygyň we dostlugyň binýady” atly bäsleşik geçirildi. Sport bäsleşiginde Kerki etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň topary I-orna, etrabyň 29-njy orta mekdebiniň topary II-orna, etrabyň 1-nji sport mekdebiniň topary III-orna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Atajan JORAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.