BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI

Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Welosipediň oýlap tapylan döwri 1870-nji ýyllara gabat gelýär. Welosiped diňe bir adam tarapyndan oýlanyp tapylmandyr. XVIII asyra çenli dürli pikirler we oýlap tapyşlar öňe sürlüpdir. Käbir maglumatlarda, welosipediň käbir çyzgylaryny Leonardo da Winçiniň eserlerinde hem duş gelnendigini belleýärler. Angilýanyň Kroýden şäherinden G. Beýts ilkinji welosipedi ýasapdyr diýip bellenilýär. Welosipediň giňden ýaýramagy bilen welosiped sporty hem döredi. Welosipedli ýaryşlar uly ýollarda, ýapyk we açyk welotreklerde geçirilýär. Ilkinji ýol welosiped ýaryşy 1868-nji ýylda Fransiýa bilen Angliýanyň arasynda geçirildi. ABŞ-da ilkinji welosiped ýaryşlary 1878-nji ýylda geçirildi. 1890-njy ýylda welosiped Ýewropada tomusky sportuň bir görnüşi hökmünde giňden meşhurlyga eýe boldy. 1896-njy ýylda ol Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşuldy. 1900-njy ýylda Halkara welosipedçiler geňeşi (UCI) döredildi. Bu gurama sportuň bu görnüşiniň häzirki zaman düzgünlerini emele getirdi. Bu geňeş halkara ýaryşlaryň gözegçiligini amala aşyryp, welosiped rekordlaryny tassyklaýar we hasaba alýar. Iň meşhur hem-de iň çylşyrymly halkara welosiped ýaryşy “Tur-de-Frans” hasaplanýar. Ol 1903-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. Onuň geçiş ugry her ýyl üýtgedilýär. Bu ýaryşyň uzynlygy 4000-den 4800 kilometre çenlidir. Ýeňijiniň sary köýnekçesini geýýän welosipedçi dünýäniň iň güýçli welosipedçisi hasaplanýar. Ýurdumyzda hem welosipede we welosiped sportuna aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýyl däp bolşy ýaly dürli ýaryşlar we köpçülikleýin welosiped ýörişleri geçirilýär. 2018-nji ýylda Milletler Bileleşiginiň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy hem ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edildi. 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosiped sürmek boýunça köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. 2019-njy ýylda bolsa Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirildi. Olaryň ikisi hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

 

Azat AMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY