Her ýylyň aprel aýynda Garaşsyz ýurdymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak maksady, Döwletimiziň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýyş hakyndaky aladalar hormatly Prezidentimiz: “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş taglymatynda jemlenendir. Her ýylyň aprel aýynda bellenip geçilýän Bütindünýä saglyk güni Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşly döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň ajaýyp baýramçylyklarynyň birine öwrülip, aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde giň-gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Ýagty geljege, eşretli durmuşa bedew bady bilen barýan ata Watanymyzda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen Türkmenistany sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmek, bedenterbiýäni we sporty hil taýdan, täze basgançaklara galdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli durmuşa geçirmek hem-de ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek işleriniň giň gerim almagy bolsa, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmen sportunyň abraýyny belende galdyrmak, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek ugrunda bize ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Gülzar BEKMURADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Hojambaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.