Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň: “Garaşsyz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär” diýen sözlerinden ruhlanýan ýurdumyzyň ýaşlary saglygyň we sportuň gymmatlygyna doly we aýdyň düşünýärler.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna“ laýyklykda Kerki etrabynyň 2-nji sport mekdebinde Kerki etrabynyň orta mekdepleriniň 9-11-nji synplarda okaýan gyzlardan düzülen toparlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça “Sport-sagdynlyga badalga” atly şygar bilen bäsleşik geçirildi. Sport bäsleşiginde Kerki etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň “Bagtyýarlyk” topary I-orna, etrabyň 30-njy orta mekdebiniň “Ruhubelent” topary II-orna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Enejan ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.