Bütindünýä Saglyk güni, adamzadyň baş baýlygynyň – saglygynyň şanyna bagyşlanylan baýram bolup, dünýä ýüzünde 70 ýyldan gowrak wagt bäri iň arzyly günleriň biri hökmünde bellenilýär. 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy döredilip, hut şol gün hem bu gurama tarapyndan 1950-nji ýyldan başlap, «Bütindünyä Saglyk gününi bellemek hakyndaky» Karar kabul edilipdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem bu guramanyň agzalygyna kabul edilen gününden bäri, gurama bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Her ýyl asylly däbä görä, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda milli sport oýunlary boýunça ýaryşlar, şeýle hem ylmy maslahatlar, duşuşyklar aýdym sazly dabaralar geçirilýär. 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň medeniýet merkezinde “Saglyk bolar bu dünýäniň gözbaşy” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Konsertiň başynda Kerki etrabynyň medeniýet merkeziniň direktory Keýik Penjiýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Enejan Ýoldaşowa, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky gozgalmaýan emläge bolan hukuklarynyň we onuň bilen bagly geleşikleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň Kerki etrap, şäher bölüminiň döwlet bellige alyjysy Atamyrat Öwezow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlaglar bilen çykyş etdiler. Aýdym sazly çäräniň dowamynda Kerki etrap medeniýet bölüminiň sungat ussatlary birnäçe aýdymlary, gülküli sahna eserlerini, Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň sportuň karate görnüşi bilen meşgullanýan ýaş türgenleri görkezme çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.