PAÝHAS OÝUNY

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş küştçülerimiziň köp sanlysy halkara ýaryşlarda altyn medallara mynasyp bolup, ägirt uly gadamlar bilen öňe barýarlar. Ýaş ýetginjekler küşt bilen çagalykdan meşgullanyp, uly üstünlige ýetýärler. Küşt bilen meşgul bolmak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap küşt mekdepleri we merkezler ýaşlaryň hyzmatynda.

Küşt takmynan, 2000 ýyl ozal Hindistanda döreýär. Şol wagt oýnuň ady çaturanga bolupdyr. Onda diňe 4 sany mal —perzi (wezir), ruh, at we pil bar eken. Hindistandan küşt bütin Gündogar we Merkezi Aziýa, V asyryň soňunda we VI asyryň başynda bolsa Eýrana ýaýraýar. Bu ýerde oýun uly meşhurlyga eýe bolýar. VII asyrda bolsa bu oýun bilen araplar hem tanyş bolýarlar. Olar bu oýny “şatranj” diýip atlandyrypdyrlar. Araplar küşt oýnuny IX-X asyrlarda has kämilleşdirýärler. Şol döwürde küşt hakynda ylmy kitaplar peýda bolup başlaýar. Şeýle meşhur kitaplaryň biri Adlynyň, Sulynyň we beýlekileriň küşt göçümlerinden ybarat bolan “Sadranç kitabydyr”. XIX asyryň ikinji ýarymynda küşt ýaryşlarynda sagat ulanylyp başlanýar. Başda munuň üçin çäge sagadyny ulanypdyrlar, emma bu amatsyz bolupdyr. Şondan soň az wagt geçmänkä, iňlis küşt-söýüjisi Tomas Braýt Wilson ýörite küşt sagadyny oýlap tapýar.

Küşt – örän täsin we gyzykly oýun. Ol ynsan aňyny, akyl ýetirişini ösdürýär. Adam küşdi oýnasa onda onuň ýatkeşligi we pikirleniş ukyby gowulanýar. Eger-de küşt bilen yzygider meşgullansaň, ünslilik ukybyň artýar.

IX asyrda dünýäniň resmi däl iň güýçli küştçüsi hasap edilen Ebu Bekir Muhammet As-Suly Dehistanda – häzirki Balkan welaýatynda ýaşapdyr. Ol ady belli ilkinji küştçüsi bolup, Türkmenistanyň küşt taryhynda uly yz galdyran şahsyýetdir. Onuň ýadygärligi häzirki wagtda “Ylham” seýilgähinde görnükli taryhy şahsyýetleriň hataryny bezäp dur.

Häzirki wagtda küşt dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma bildirilýän sportuň görnüşleriniň biridir. Bütindünýä küşt federasiýasynyň teklibi bilen 1966-njy ýyldan bäri her ýylyň 20-nji iýulynda Halkara küşt güni bellenilip geçilýär.

Küşt ýurdumyzda 2017-nji ýylda giň gerimde geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyndan hem aýratyn orun alýar. Şunuň bilen baglylykda, türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda erjellik görkezip, tejribe artdyrýarlar. Bu bolsa türkmen küşdüniň kämil mekdebiniň kemala gelmeginde möhüm ädimdir.

 Halkara derejeli ýaryşlarda ýaş küştçilerimiz yzygiderli gatnaşmak bilen Watanymyza baýrakly medallar bilen dolanýarlar we olar bu ugurda öz ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar. Ähli döredilýän mümkinçilikler üçin ýaşlaryň hormatly Prezidentimize alkyşlary çäksizdir.

 

Şemşat TAÝTANOWA,

Ruhubelent etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz

welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1143 okalan

ENE HÜWDÜSI

22 Noýabr 2024 | 2230 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY