Garaşsyz ýurdumyzda halkymyzyň köp asyrlyk baý durmuş tejribesine daýanylyp, ýaşlaryň ruhy-ahlak, beden taýdan ösüşinde ýokary terbiýäniň, döwrebap bilimleriň berilmegine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn durmuş ýaşaýşyny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada Arkadagly Serdarymyz: «Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler» diýip, jaýdar belläp geçýär.
Saglyk — bagtyýarlygyň hem ösüşiň esasy, rowaçlyklaryň, üstünlikleriň gözbaşy. Şonuň üçinem watandaşlarymyzyň her biri «Sagdyn bedende sagdyn ruh», «Jany sagyň — göwni çag» ýaly pähimlere eýerip, sagdyn durmuşda ýaşamaga ymtylýarlar. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleriň döredilmegi halkymyzyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagyna, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär.
Jemgyýetdäki gatnaşyklarda adamlaryň aň-düşünjesi näçe giň, ahlak ýörelgeleri arassa, ynam-ygtykatlary sagdyn boldugyça, olaryň jemgyýetde hukuk gatnaşyklary kämil bolýar. Şu nukdaýnazardan, birek-birege sylag-hormat goýmak, agzybirlik, adalatlylyk, dogruçyllyk, lebze wepalylyk ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa öz gezeginde tutuş jemgyýetiň aňyýetiniň sagdyn, kämil bolmagyna getirýär. Jebislik, agzybirlik, adalatlylyk, ynsanperwerlik höküm sürýän jemgyýetde şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň arasynda sazlaşykly ösüş gazanylýar. Bu sazlaşyk, jebislik bolsa dünýä bileleşiginiň beýleki jemgyýetlerine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany
2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, halkymyzyň saglygyny, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesliň beden we ylym-bilim kämilligini kemala getirmekde saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport we bilim ulgamlaryna uly orun degişlidir. Bu babatda Türkmenistan ylym-bilimi, sagdyn-durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ýakyn geljekde we uzakmöhletleýin döwürde ösdürmäge gönükdirilen üstünlikli çäreleri geçirmek arkaly beýleki ýurtlara görelde görkezýär.
Ynsanyň bagtyýar ýaşamagy üçin, ilki bilen, saglyk gerek. Muňa çuňňur düşünýän Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde «Saglyk — abatlyk» diýen bölüme giň orun berip, «Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr» diýip belleýär we saglyk barada maglumatlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen täsirli gürrüň berýär. Bu bolsa ýaş neslimiz üçin dowamat paýhas ýörelgesidir.
Türkmen halky müňýyllyklara uzap gidýän taryhynda baý medeniýetini, asylly ahlak sypatlaryny, däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini emele getirip, olary gözüniň göreji ýaly gorapdyr.
Durmuşda beýleki zerurlyklar bilen bir hatarda beden saglygyna hem aýratyn üns beripdir. Nesilleriň beden taýdan güýçli, çalasyn, çydamly bolup ýetişmegi üçin dürli oýunlary, türgenleşik maşklaryny döredipdirler. Akyldarlaryň birinden: «Saglygyň gadyryny bir jümle bilen beýan etmeli bolsa, nähili beýan ederdiňiz?» diýip sorapdyrlar. Şonda ol şeýle paýhasly sözleri aýdypdyr: «Sagdynlaryň ählisiniň depesinde täç bar, emma ol diňe näsaglara görner».
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryna ygrarlylyk, ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi we wagyz edilmegi, ýurdumyzda häzirki zaman sport düzümleriniň kemala getirilmegi jemgyýetimizde sagdyn-durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Şunuň netijesinde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda sportuň halkara we dünýä bäsleşiklerinde ýaş türgenlerimiz altyn, kümüş, bürünç medallaryň ençemesine mynasyp bolýarlar.
Adamzat gymmatlygy bolan parahatçylygyň we abadançylygyň netijesi döredijilikli zähmetde we gülläp ösüşde jemlenýär. Öndürijilikli zähmetiň netijesinde adam kämilleşýär, jemgyýetde öz ornuny tapýar. Islendik işiň sakasynda adam saglygynyň durýandygy nukdaýnazaryndan, adamyň saýlan käriniň eýesi bolmagynyň, jemgyýet üçin peýdaly iş bilen meşgullanmagynyň, islendik hünäriň netijeli durmuşa geçirilmeginiň, ilkinji nobatda, sport bilen yzygiderli meşgullanýan, berk bedenli sagdyn şahsyýetleriň kemala gelmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
«Biziň üçin iň zerur, iň ajaýyp ýol — halkymyzy baky bagta ýetirýän ýoldur. Sport, sagdynlygam şol ýola ýetmegiň iňňän möhüm ugrudyr» diýip, halkymyzyň beýik işlerini ýurdumyzyň belent gülläp ösüşine gönükdirýän Gahryman Arkadagymyzyň her bir öňe süren başlangyçlary biziň ajaýyp durmuş ýolumyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle başlangyçlaryny ýörelge edinip, Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, bu gün türkmen jemgyýeti, bagtyýar ýaşlar bedenterbiýäni we sporty, sagdyn-durmuş ýörelgesini özlerine baky ýaran edindiler.
Ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.