Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, sowatly, ýokary medeniýetli bolmagy barada uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda ylyma-bilime höwesek bolan ýaşlaryň döwrebap ylym-terbiýe almaklary, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi we dünýäniň ösen tejribelerine, kämil ylyma çuňňur aralaşmaklary üçin ähli döredilýän zerur şertler binýatly ösüşleriň kepilidir. Parahat Watanymyzda özgerýän sungatymyz hasam ýokary sepgitlere ýetýär.
Eziz diýarymyzda sanly ulgam arkaly halkara derejesindäki ders we toparlaýyn onlaýn sergiler yzygiderleri geçirilýär. Bu bäsleşiklere Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary gatnaşyp dürli orunlar bilen sylaglandylar. Olardan Russiýa Federasiýasynyň “ERUDIT” halkara derejesindäki onlaýn bäsleşigine “Iňlis dili” dersi boýunça “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby M.Ataýewa 3-nji orna, “Şekillendiriş sungaty” boýunça “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby B.Bakyýewa 1-nji orna hem-de 4-nji ýyl talyby A.Gurbanweliýew 1-nji orna, “Şekillendiriş sungatynyň taryhy” boýunça “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby H.Gylyçmyradow 1-nji orna, “Filosofiýa” dersi boýunça “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Ş.Kerimowyň 2-nji orna, “Pedagogika” dersi boýunça “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby G.Çaryýewa 2-nji orna şeýle-de “Rus dili” dersi boýunça “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyplary K.Penaýewa hem-de J.Agajanowa dagylar gatnaşyp 1-nji orunlara mynasyp boldular. Gujurly talyp ýaşlaryň Halkara derejesinde bu gazanan üstünlikleri bilen gutlaýarys!
Ogulsona ÖWEZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby.