Häzirden öňümizde toýlanjak Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda döredijilik okuw sapaklary we duşuşyklary yzygiderli alnyp barylýar. Sungat ojagynyň heýkeltaraşlyk hünärinde bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda “Ýaş heýkeltaraşlaryň döredijiliginde Magtymgulynyň çeper keşbi” atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynda ýaş mugallym Patdyk Patdykow talyplara paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda şeýle-de Garaşsyzlyk binasynda goýlan Magtymgulynyň monumental ýadygärligi barada giňişleýin maglumat berdi. Ýaş mugallym muny bellemek bilen talyplaryň beýik şahyra bagyşlanan döredijilik eserleriniň heýkel taslamasynyň yzygiderliginiň bolmagy we eserde beýan edilýän pikiriň, çuň mazmun bilen baýlaşdyrylmagy, deňölçegliligiň durnukly berilmeginiň wajypdygyny gyzykly gürrüň berdi.
Bilbil ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy işgäri.