Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz batly gadamlar bilen öňe barýar. Şunuň bilen baglylykda, diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini hem-de kadalaryny ornaşdyrmak, ilatyň saglygyny we daşky gurşawy goramak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylmagy aýratyn bellenilmäge mynasyp. Hususan-da, ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde “Bütindünýä saglyk güni” mynasybetli dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, awtoulagsyz günüň yglan edilmegi türkmen jemgyýetinde asylly däbe öwrüldi.
Her ýylyň 7-nji aprelinde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýän Bütindünýä saglyk gününde ähli dünýä ýurtlarynda saglygy goramakda gazanylýan üstünliklere, ýetilen sepgitlere, durmuşa geçirilýän işlere baha berilýär, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge ýardam etjek wezipeler bellenilýär, olary çözmegiň ugur-ýollary kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň esasy ýörelgeleri hökmünde: jemgyýete sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, şol sanda kadaly iýmitlenmek; zyýanly endiklerden daşda durmak; zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak; sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly ugurlar ileri tutulýar. Dünýäniň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleri açylyp halkymyza hyzmat edýär, lukmançylyk ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli ýokarlandyrylýar, lukmançylyk ulgamynyň hukuk binýady yzygiderli kämilleşýär. Bularyň ählisi döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynyň hil taýdan täze derejelere çykýandygyny aýdyň tassyklaýar. Munuň özi, döwletimizde ilatyň saglygyny goramagyň toplumlaýyn häsiýetiniň, onuň ulgamlaýyn binýadynyň bardygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülen Magtymguly Pyragynyň “Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun” diýen dana sözleri bolsa, halkymyzyň ömrüň baýlygy bolan saglygyň gymmatyna berýän ýokary bahasynyň aňlatmasy bolup durýar. Häzirki wagtda bu parasatly ýörelgä eýerilip, döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamy diňe bir keseli bejermek däl-de keseliň öňüni almak, keseli döredýän sebäplere täsir etmek maksatlaryny hem baş wezipe edinýär.
Bedeni sag adamlar ruhy taýdan hem has baý bolýarlar. Sport we bedenterbiýe adamlarda şahsyýeti terbiýeleýär. Sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanýan adam öz erkini, ukybyny, zehinini taplaýar. Ynsanyň ruhy we durmuş taýdan abadançylygy bilen baglanyşykly bolan adam saglygy jemgyýetde sagdyn şahsyýetiň kemala gelmeginiň, onuň döwrebap ösmeginiň ilkinji derejeli zerurlygy hem-de kepilligidir. Şeýle kepilligiň netijeli durmuşa geçirilmegi bolsa sagdyn şahsyýetleri kemala getirmegiň halkara hukuk kadalaryny, dünýäniň oňyn tejribesini hem-de taryhy ýörelgelerimizi özünde jemleýän kanunlar esasynda döwrebap kadalaryň berkidilmegi arkaly mümkindir. Tebigatyň ilkibaşdaky durkynyň, arassa dag howasynyň we melhemlik suwynyň adamlaryň dürli kesellerden bejerilmegi, saglygynyň dikeldilmegi üçin iň amatly şertleri döredýändigi nukdaýnazaryndan, häzirki wagtda saglygy goraýyşyň ileri tutulýan ugry hökmünde şypahanalaryň hyzmatynyň yzygiderli ykrar edilýändigi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Adamyň saglygyny goramak çygry, tebigy gurşawyň abat saklanmagyna we onuň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen berk baglanyşyklydyr. Sebäbi adam, arassa, tämiz howa, tebigy gözellige, ýaramly hem ýokumly, ekologiýa taýdan arassa iýmite, dürli witaminlere mätäçdir. Adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan alýar.
Mälim bolşy ýaly, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda halkymyz üçin hoş habar gelip gowuşdy. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul etdi. Munuň özi, ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-saglyk hereketini ösdürmekde gazanýan üstünliklerine halkara giňişliginde ýokary baha berilýändiginiň we olaryň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Eziz diýarymyzda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilmegi ýurdumyzda hususan-da ýaşlaryň arasynda ulagyň bu görnüşine gyzyklanmany has-da artdyrýar. Bu bolsa ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek bilen bir hatarda, raýatlarymyzyň sagdyn durmuş kadalaryna uýgunlaşmagyna giň ýol açýar. Çünki, sport parahatçylygyň ilçisi hökmünde halklaryň arasynda dostluk-doganlygy berkidýän bolsa, welosipediň ekologiýa taýdan amatly ulag hökmünde daşky gurşawy goramak baradaky çagyryşlara hem seslenýändigini bellemek gerek. Munuň özi, ýurdumyzda döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi hökmünde sportuň sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde, şol sanda sagdyn nesli netijede bolsa, sagdyn jemgyýeti döretmekde uly ähmiýetiniň bardygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň sport äleminde hem nusgalyk görelde bolmagy biz ýaşlaryň sporta bolan höwesimizi has hem artdyrmaga, ýurdumyzyň baýdagyny sport ulgamynda dünýä derejesinde belende galdyrmaga, Eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga giň ýol açýar. Bu şanly sene mynasybetli dabaralaryň ýokary derejede geçmegine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şol dabaralar sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ildeşlerimizi, geljege ynamly gadam bilen barýan ýaş nesillerimizi bir maksatda birleşdirip, tutuş jemgyýetde ählumumy ruhubelentlik ýagdaýyny döredýär.
Atamyrat BEKÇIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.