TÜRKMEN BEDEWI – 2023 ATLY BÄSLEŞIK SERGI GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä gymmatlyklarynyň nusgasyna öwrülen türkmen halkynyň behişdi bedewlerine uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzda her ýylyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ulydan toýlanmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Ahalteke bedewleriniň gözelligi, ajaýyp häsiýetlerini wasp etmezlik asla mümkin däl. Olaryň waspyny aýdymlarda, goşgularda, ylmy işlerde we filmlerde ýerine ýetirenler bedew atlarynyň ajaýyplygyny haýran galmalar bilen beýan edýärler.

Sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda, ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçirilýän baýramçylyklara bagyşlap şekillendiriş sungatynyň ýaş wekilleri özleriniň döredijilik eserlerini ýerine ýetirýärler. “Arkadag Serdarly – bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzda sungat ýoluny ösdürmek ugrunda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Mundan ugur alyp Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda talyp ýaşlarynyň, şeýle-de halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda döredijilikli bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Diňe bir okuw jaýymyzyň içinde däl-de eýsem medeni-köpçülik baýramçylykly çärelere gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaş suratkeşlerimiziň eserleriniň sergileri hem yzygiderli halk köpçüligine hödürlenýär.

Her ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Türkmen bedewine bagyşlanyp döredijilik bäsleşik sergisi geçirilýär. Bu ýyl hem “Türkmen bedewi – 2023” at bilen serginiň açylyş dabarasy ýokary derejede ýaýbaňlandyryldy. Bäsleşik sergide halypa mugallymlarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň şeýle-de uçurymyzyň ýerine ýetirmeginde sungatyň dürli görnüşlerinde Ahalteke bedewleriniň gözelligini, ýyndamlygyny, özboluşly häsiýetini ussatlyk bilen wasp etdiler. Amaly-haşam sungaty fakultetiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde gamyşgulak bedewlerimiziň waspy milli halylarymyzda, keramika önümlerinde, zergärçilik sungatynda dürli ajaýyp milli şaý-seplerimizde ussatlyk bilen görkezmegi başardylar. Şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk we grafika eserlerinde, nepislik bilen ýerine ýetirilen heýkeltaraşlykda ýelden ýüwrük bedewlerimiziň keşbini janlandyrylmagy has-da täsir galdyrdy. Dizaýn we binagärlik sungatynda dürli atçylyk toplumlarynyň maketleri we taslamalaryň dizaýn bezeglerinde türkmen ahalteke bedewiniň waspy inçeden beýan edildi. Ýaş sungaty öwrenijiler bolsa türkmen bedewine bagyşlanan eserleri çeper dil bilen öwrenip, sungat nazaryýetinde garaýyşlaryny beýan etdiler.

 

Amangül GOÇMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI