PYRAGYNYŇ ARZUWLAN ZAMANY GELDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi, Ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek, etrabymyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençleri guramak maksady bilen Türkmen halky beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini paýhas çesmesi, terbiýe mekdebi hökmünde nesilden-nesle geçirip gelýän Magtymguly Pyragynyň okan ýerlerine Halaç etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Pyragynyň arzuwlan zamany geldi” ady gezelenç geçirildi. Gezelençde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Myratgeldi Allaberenow, Halaç etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Babamyrat Rozygeldiýew çykyş etdiler.

 

Gözel AMANSÄHEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY