Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar. Saglyk we raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri hakyndaky alada diňe bir döwlet maksatnamalarynda, Türkmenistanyň kanunlarynda, lukmançylyk edaralarynyň, sport desgalarynyň giň möçberli gurluşygynda we şypahana, dynç alyş ulgamynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, jemgyýetçilik durmuşynda, adamlaryň ruhy we medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, milli ykdysadyýetimiziň ekologiýa taýdan ösüşinde öz beýanyny tapýar.
2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna, “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda sagdyn-durmuş ýörelgesini ündemek, Türkmenistanyň Prezidentiniň №850 belgili „Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak“ barada kanunyna laýyklykda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek, zyýanly endiklerden daşda durmaklygy wagyz etmek maksady bilen Kerki etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda “Saglygym baş baýlygym” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Enejan Ýoldaşowa, Kerki etrap prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi D.Çaryýew, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň wekili Ý.Nejmeddinow, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky gozgalmaýan emläge bolan hukuklarynyň we onuň bilen bagly geleşikleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň Kerki etrap, şäher bölüminiň döwlet bellige alyjysy Atamyrat Öwezow çykyş etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.