Kitap ummansyz hazynadyr, ol adam döredijiliginiň syrydyr. Kitaplar durmuşymyzda mugallym, ýolbelet we dost hökmünde möhüm orun tutýar. Kitaplaryň baý ojagy bolan kitaphanalar bolsa ylmyň we medeniýetiň merkezi hasaplanýar. Ýurdumyzda türkmen halkynyň milli ýörelgesini döwrebap ösdürýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda kitaphana işini ýola goýmak üçin uly tagallalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap kitaphanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Döredilýän mümkinçiliklerden ugur alyp ýaş okyjylar hem kitaphanalardan ýerlikli peýdalanyp özleriniň ylym-bilimini çuňlaşdyrýarlar.
2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, ýaş okyjylarynyň arasynda kitaba bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrmak, olary kitaphanalara işjeň çekmek maksady bilen Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynda “Kitap paýhas çeşmesi” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa we Kerki etrap merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy G.Hydyrowa, Kerki etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy A.Işankulow çykyş etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.