WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» sport bilen meşgullanmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak üçin, şeýle hem bedenterbiýe we sport ulgamyna maýa goýumlary çekmek üçin şertleri döretmek, bedenterbiýe we sport edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etdirmek, işgärleri taýýarlamak meselelerini kämilleşdirmek, şu ugurda işleýan hünärmenleriň durmuş goraglylygyny güýçlendirmek ýaly çäreler göz öňünde tutulýar hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu Maksatnamada göz öňünde tutulan çärelerden ugur alnyp, ýurdumyzda her bir ynsanyň beden taýdan berk we sagdyn bolmagyny gazanmak, sport we bedenterbiýäni ählihalk islegine öwürmek, sagdyn jemgyýeti terbiýelemek üçin uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

2023-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň 2107 harby bölüminde sagdyn durmuş ýörelgelerini, sport bilen meşgullanmagy, ýurdumyzyň sport we saglyk ulgamlarynda ýetilen sepgitlerini wagyz etmek maksady bilen “Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi E.Öwlýagulyýew, Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Türkmenistanyň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi M.Hudaýnazarow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa we Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň 2107 harby bölüminiň terbiýeçilik işleri boýunça uly hünärmeni kapitan B.Mämmäýew çykyş etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY