ÝOLLARYMYZ HADYSASYZ BOLSUN

Ýollarymyzyň hadysasyz bolmagy, köçe-ýol hereketleriniň düzgünleriniň birkemsiz berjaý edilmegi hemişe-de derwaýys mesele bolup durýar. Ýollaryň sürüjiler hem-de ýolagçylar üçin amatly, howpsuz bolmagy gazanylýar. Olarda pyýada ýolagçylaryň howpsyzlygy üçin ýerasty, ýerüsti geçelgeler, ýanýodalar göz öňünde tutulýar, şaýollarda, köçelerde dünýä ülüňlerine laýyk gelýän häzirki zaman wideogözegçilik ulgamlary, ýol belgileri we beýleki ýörite enjamlar ornaşdyrylýar. Sürüjileriň ýalňyşlyklary esasan nähili ýagdaýlarda döreýär. Olar köplenç halatlarda ünsüni ýoldan sowýarlar, haýsydyr bir ýol belgilerine nädogry düşünýärler, birden tizligini peseldýärler ýa-da gyssanýarlar. Şeýle ýagdaýlar sürüjileriň ýadawlygy, ukusynyň tutmagy, özüne erk edip bilmeýän wagtynda döräp bilýär. Ulagyň näsag işlemegi hem ýolda howply ýagdaýy döredip biler. Kähalatlarda ýoldaky hadysalaryň sürüjiniň däl-de, pyýada ýolagçylaryň ýalňyşlyklary sebäpli hem bolup bilýär. Ýola çykýan sürüjiler, esasan hem, uzak ýola gatnaýanlar öňi bilen özleriniň saglyk ýagdaýyny, awto ulaglarynyň tehniki ýagdaýynyň gurat bolmagyny üpjün etmelidir. Şeýle ýagdaýda sürüjileriň özüne erk etmek ukyby ýokary derejede bolýar. Şonda olar ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagyna ýol bermezler. Eziz watandaşlar, biz siziň ir bilen sag-aman öýden çykyp, agşamlyk ýene-de saglykda ojaklaryňyza dolanmagyňyzy arzuw edýäris.

 

Begli MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüm müdiri.

Öňki makala

ÝERTUDANA

Indiki makala

GARA TUDUŇ PEÝDASY

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA