Gara tut boýy15 metre çenli ýetýän tutlar maşgalasynyň wekili bolup, ýapragy gaty, gyralary diş-diş ýürek şekilli. Tudanasy garamtyl, melewşe reňkli, örän şireli we hoşboý ysly turşumtyk süýji tagamly.
Daragt aprel—maý aýlarynda gülleýär, iýul—awgustda miwesi ýetişýär. Ol kök çykyntgylary hem-de tohumy arkaly köpelýär. Ýurdumyzyň hemme ýerinde diýen ýaly ösdürilip ýetişdirilýär. Daglarda ýabany görnüşleri hem duş gelýär.
Gara tuduň sütüniniň gabygynda eý maddalary, malberrin flawonoidi; ýapragynda С witamini, kofe fenolkarbon turşusy, rutin flawonoidi, kempferol, kwersetin, fridelin, hederagenin, triterpenoidler, sitoserin, umbelliferon we skopoletin kumarinleri, miwesinde 5—10 göterim uglewodlar, 1,8 göterim organiki turşulyklar, witaminler, karoýin, eý maddalary, tohumunda efir ýagy bar.
Dermanlyk çig maly hökmünde köküniň we sütüniniň gabygy, ýapragy hem miwesi hyzmat edýär. Çig mallary adaty usulda ýygnamaly we guratmaly. Gabyklaryny we ýapraklaryny mata, miwesini kagyz halta ýa-da gutyda saklamaly. Çig malynyň saklanyş möhleti 1 ýyl. Halk lukmançylygynda agajyň bişen tudanasynyň şiresi ýa-da jöwheri iç geçmä garşy ulanylýar. Daragtyň köküniň gabygy howply çişlerde we iç sürüji hökmünde peýdalanylýar. Onuň toz görnüşindäkisi we peti soguljanlara garşy we diuretiki hem dismonoreýa haýyr-lydyr. Ýapragyndan taýýarlanan şerbet we spirtli ergini ýürek-damar ulgamlarynyň kesellerinde gipoten-siw häsiýetli.
Dermanlyk serişde hökmünde ýarym bulgur (100 millilitr) tudana şiresini we özüni şol gatnaşykdaky ary bal bilen garyşdyryp, 7 hepde goýmaly. Taýýar bolan melhemi günde 3 gezek zeperli ýeriňe çalmaly. Tuduň oňat owradylan köküniň gabygynyň 2 nahar çemçesini (30 gram.) bir bulgur (200 millilitr) suwa atyp, haýal ýanýan otda 5-10 minut gaýnatmaly. Dermanlyk peti hasa bilen süzüp, gün içinde 3-4 gezek iki nahar çemçeden içmeli.
Täjinar SAPAROWA,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.