SPORT BU GÜÝÇ-KUWWATYŇ, GÖZELLIGIŇ, RUHUBELENTLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞYDYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmekleri, boş wagtlaryny peýdaly geçirip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýelemekden ybaratdyr. Sport-sagdynlygyň gözbaşy. Sport bilen meşgullanýan ynsanlaryň kesele garşy durnuklylyk ukyby hem ýokary bolýar. Ýurdymyzda sporty ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanşykly işleri mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ilkinji derejedäki wezipeleriň biri bolup durýar. Ýaş nesle bedenterbiýe we sporta çekmek bilen bir hatarda halkara ýaryşlaryna taýýarlamak, olarda sportyň görnüşlerine höwes döretmek üçin tejribeli tälimçi-mugallymlar öz iş tejribelerini ylym bilen utgaşdyryp , täsirli okuwlary geçirýärler. hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdymyzda ähli ösüşler bilen bilelikde, milli sportymyzyň hem halkara abraýy arşa galýar. Bu bolsa türgenlerimiziň ýokary derejelerde geçirilýän ýaryşlardaky görkezýän buýsançly netijelerinde hem aýdyň beýanyny tapýar. Bedenterbiýäniň we sportyň ynsan saglygynda uly ähmiýete eýe bolup, sport bilen meşgullanmak adam bedeniniň bekemeginde uly orny bardyr. Ýaşlarymyza sportyň ähli görnüşlerini öwrenmekde we bu oýunlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygy, çuňňur pikirlenmegi, netije çykarmak endiklerini, ugurtapyjylygy, çeýeligi ösdürýänligi hem-de ýaş nesliň sagdyn ösüp kemala gelmegine ýardam edýänligine göz ýetirmek bolýar. Türkmen sportynyň taryhy ösüşleriniň başynda duran we türgenleşmäge, ýaryşlara gatnaşmaga hem-de ýeňiş gazanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsyn!

 

Aşyrberdi AÝDOGDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly

adyndaky Ýaşlar Guramasynyň

Ahal welaýatynyň Tejen etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA