Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýyl musulman halkymyz oraza aýyny mynasyp garşy alýar. On bir aýyň soltany bolan bu mübärek Remezan aýy adamlarda päklik, sabyrlylyk, agzybirlik, sylag-hormat ýaly duýgulary has hem berkidýär. Bu aý musulmanlar üçin iň keramatly aýlaryň biridir. Bu mukaddes aý ata-babalarymyzdan biziň günlerimize çenli gelip ýetip, mukaddes aýlaryň biri hasaplanyp, agyz beklenilip, haýyr- sogap işler, gazanylýan aýydyr. Asyrlaryň dowamynda bu dessur köp halklaryň, şol sanda türkmenleriň belent ahlak gymmatlyklar, olaryň däp-dessurlary, ynanç-ygtykatlary, asylly ýörelgeleri bilen baýlaşdyrýar hem-de kämilleşdirilýär. Şöhratly kämil ýoly geçen halkymyz gadymy döwürlerden bäri ahlak arassalygynyň, ynsanperwerliginiň hem-de rehim-şepagatlylygynyň dabaralanmagy hökmünde mukaddes Oraza aýyna aýratyn sarpa goýup gelipdirler. Oraza aýynda agyz beklenýär, “agyz açar” sadakasy berilýär, ”tarawa” namazy okalýar, aýat-töwür edilýär. Bu gadymy dessuryň çuňňur manysy bardyr. Adamlar agyz beklemek arkaly beden we ruhy dünýäsiniň “synagyny” geçirmäge mümkinçilik alýarlar. Agyz beklenen wagtynda adamyň bedeni köp iýmekden halas bolup, özüni dürsemäge mümkinçilik tapýar. Bu döwürde adamyň bedeni we ruhy şypa alyp, ol hemmelere bagt we ýagşylyk arzuwlaýar. Oraza aýy ata-babalarymyzyň ynançlaryna görä, ýagşyzadalaryň perişdeleriň haýyr paýlaýan aýlarynyň biridir. Bu döwürde ynsanlar diňe gowy zatlara ymtylýarlar. Üç mukaddes aýlaryň soňy bolan, Remezan aýynyň soňky güni Oraza baýramçylygy hem giňden bellenilýär.
Ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän däplerine uly sarpa goýýan, mukaddes we keramatly ýerlerimize zyýarat etmegimiz üçin ähli şerleri döredip berýän hajy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini Beýik Allatagalladan dileg edýärin.
Goý, türkmen topragynda hemişe agzybirlik, jebislik höküm sürsin, asmanymyz arassa, ýurdymyz parahat bolsyn, berlen sadakalar, edilen doga-dilegler hem-de aýat-töwürler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsyn!
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň Sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.