JANA ŞYPA ÇAÝ

Dürli ösümlikleriň ýapraklarynyň, gülleriniň, gabygynyň, baldaklarynyň ýa-da tohumlarynyň gaýnadylyp alnan içginiň görnüşine çaý diýilýär. Lukman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan “Çaý-melhem hem ylham” atly kitabynda “Halkymyzyň desterhanyny onsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çaý biziň milli tagamlarymyzyň, hödür-keremlerimiziň aýrylmaz bölegidir. Myhmanyň ilki öňüne çaý goýulýar. Meniň bu barada aýratyn belleýändigim ata-babalarymyzyň ýurdymyzyň tebigy howa şertlerinde çaýyň göwne iň makul içgi bolanlygy üçindir, şeýle-de çaý içmegiň türkmençilige içgin ornaşmagynyň halkymyzyň halk-häsiýet bitewiliginde hem aýdyň duýulýandygyndandyr. “Çaýlaşmak” düşünjesi halkymyzda birek-birege düşünişmegi, mähirli gatnaşygy aňladýar. Şoňa hem çaý içmek arkaýyn oturyp düşünişmek mümkinçiliginden habar berýär. Çaý içmegi ata-babalarymyzyň nepesini durlamak hasap edipdirler. Çaý içilende adamyň şähdiniň açylyp, onuň on iki süňňüniň ynjalyp tapýandygyna ynanypdyrlar. Sähel ynjalyksyzlygy çaý içip ýeňip bolýandygyna bil baglapdyrlar. Çaý hakyndaky täsin pikirlere, türkmen halk hojalygynda, edebiýatda ýygy-ýygydan gabat gelýärin. Çaý-saglygyň sakasydyr.” diýip ata-babalarymyzdan gelýän jana şypa berýän çaý barada birnäçe maglumatlaryň üsti bilen jaýdar belläp geçýär. Bu kitaby okanyňda çaýlaryň ähli görnüşleri barada, çaýlaryň täsirleri barada, onuň himiki düzümi we onuň düzümindäki witaminler barada giňişleýin beýan edilýänligine doly göz ýetirýärsiň.

Hakykatdan-da, gök çaýyň adama berýän peýdasy, ýadawlygyňy aýyryp, iýen naharyňy siňdirmekde, teşneligiňi gandyrmakda ähmiýeti ulydyr. Halkymyzyň saglygy we bagtyýar bolmagy ugrunda edýän aladalary üçin Lukman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsyn aýdyp, janlarynyň sag bolmagyny, Lukman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny arzuw edýärin.

 

Kuwwat ÖWEZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

 ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA