MERTEBE MIRASY-TÜRKMEN ŞAÝ-SEPLERI

Şaý-sepler daşky sypatlary, milli häsiýetleri bilen utgaşyp, şol halkyň milli derejesini kemala getirýär. Şonuň netijesinde her bir halkyň milli ýörelgelerinden ugur alýan egin-eşiklerinde, şaý-seplerinde özboluşly aýratynlyklar saklanýar. Şaý-sepleriň öz gözbaşyny ýönekeý nusgalarda, ilki durmuş döwründen alyp gaýdýandygy barada taryhy çeşmelerde bellenilýär. Goňurdepeden, Änewden, Altyndepeden, Dehistandan tapylan bezeg şaýlarynda birmeňzeşlik saklansada, olar gitdigiçe dürli görnüşli nusgalarda sungat derejesine ýetirilipdir. Türkmen şaý-sepleri özboluşlylygy we deňsiz-taýsyzlygy bilen tapawutlanýar, şeýle şaý-sepler başga hiç bir halkda duş gelmeýär. Her bir şaý-sep başarjaň elleriň we daş ýarýan zehiniň önümi bolup aklyňy haýran edýär.

Şaý-sepleriň gelin-gyzlara bagyşlanmagy, ozaly bilen türkmeniň zenan maşgalasyna goýýan sarpasydyr. Türkmen şaý-sepleri gelin-gyzlarymyzyň mertebesidir. Sebäbi öz göwün diýen lybasyny geýip, şaý-sepini dakynyp çykan her bir türkmen zenanynyň başy buýsançlydyr, kalby joşgunlydyr. Şeýle mertebä eýe bolan türkmen maşgalasy bolsa, özüne bagyş edilen bu gözellikleri sarpalap edepli-ekramly geýinmegi dakynmagy başarmalydyr.

Gadymyýetden gözbaş alýan milli şaý-seplerimize bolan isleg we talap örän uly bolupdyr. Şoňa görä-de, türkmen topragynda şaý-sepleri ýasamak üçin näçe mukdarda altyn-kümüşüň sarp edilendigini göz öňüne getirmek mümkin däl. Üstesine-de zenan şaý-sepleriniň görnüşleriniň hiç biri hem biri-birini gaýtalamaýar. Şolaryň hili gyşarnyksyz berjaý edilipdir, bu endik her bir zergäriň ganyna siňipdir. Edilýän talaba görä, orta asyrlarda Merwde 14 müňe golaý zergär şaý-sep ýasamak bilen meşgullanypdyr. Ýöne olaryň hiç biri hem özboluşly çeperçilik geňeşi bolup durýan ýörite topar tassyklamasa, öz ýasan önümlerini asla satuwa çykaryp bilmändir. Şonuň üçin-de zergäriň köçesi bolupdyr, şol köçäniň ugrunda olar öz önümlerini hatarlap goýupdyrlar. Çeperçilik geňeşiniň talaby doly berjaý edilenden soň, zergärler öz önümlerini satuwa çykarypdyr. Çeperçilik geňeşiniň talabyna laýyklykda, ýasalan şaý-sepler türkmeniň edep kadasy bilen berk baglanşykly bolupdyr.

Şaýlarda, şelpelere däl-de, esasan, işme zynjyrlar arkaly berkidilen sesli düwmelere köp üns berilýär. Zynjyrly we düwmeli şaýlar ýaş gyz-gelinlere niýetlenendir. Şaýlar ýasalanda altyn bilen kümüşi garyşdyryp, kän ulanmandyrlar.

Köplenç arassa kümüşi we altyny aýratynlykda ulanypdyrlar. Ol şaýlaryň agyr bolamazlygyna täsir edipdir. Şaýlary dakynmaklykda gyz-gelinleriň, uly ýaşly aýallaryň arasynda aýratynlyklar saklanypdyr. Maňlaýlyk, asyk, saçlyk, eginlik, açarbag, tumar, bukaw, bular durmuş guran zenanlara degişlidir. Bu şaýlary gyz maşgalalara dakynmak bolamaýar. Gülýaka, bilezik, ýüzük, gulakhalka ähli zenan maşgalalara degişli şaýlardyr. Şaýlara goýulýan gaşlar gymmatbaha daşlardan bolup, köplenç tegelek şekilde ýasalypdyr. Şaýlaryň bir, iki hatda üç gat görnüşde edilýän pursatlary hem gabat gelýär. Muňa günbatar türkmenleriň dakynýan tomarçakly gülýakasy mysal bolup biler. Bu gülýakany diňe aýal maşgalanyň dakynmaklary talaba laýykdyr. Sebäbi gülýakanyň döreýiş taryhy nesil öndürýän zenan maşgala bilen baglanşyklydyr. Şoňa laýyklykda, oňa gabarçakly gülýaka hem diýilýär.

 

Täjinar SAPAROWA

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

JANA ŞYPA ÇAÝ

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA