DÜÝE ÇALY SAGLYK ÇEŞMESI

«Düýe malym — dünýe malym» diýýän halkymyz düýedarçylyga hemişe uly ähmiýet beripdir. Düýäniň süýdi, eti şypalydyr, onuň ýüňi hem peýdalydyr. Halk arasynda dilden-dile geçip gelýän rowaýatlaryň, häzirki ylmy maglumatlaryň üsti bilen, bu barada giň maglumatlar berilýär. Adamyň ömrüni uzaltmagyň we onuň köp ýyllaryň dowamynda zähmete ukyplylygyny saklamagyň syrlarynyň biri-de, Garagum sährasynda derde derman ot-çöpleri, ýandagy otlap ýören düýeleriň süýdi hem-de ondan taýýarlanylýan çal we agarandyr. Bu gymmatly önümler özüne mahsus bolan ysy we tagamy bilen tapawutlanýan hem-de derman hökmünde peýdalanylýan iýmitlerdir.

Düýe çaly suwsuzlygy örän oňat gandyrýan, dünýäde deňi-taýy bolmadyk tebigy içgidir. Şeýle-de ol bedeniň gündelik sarp edýän duzlarynyň üstüni dolduryp, olaryň alyş-çalyş işlerini kadalaşdyrýar. Düýe çaly aşgazanyň iýmit siňdirijiligini çaltlaşdyrýar hem-de hemme öýjüklere deň-derejede iýmitiň paýlanmagyny üpjün edýär. Ylaýta-da, ýaglaryň özleşdirilişi artýar. Ine, şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň ýagly naharyň yzyndan düýe çalyny içmekleri hem tötänden däldir. Ýag we onuň düzüminde saklanýan holesterin aşa köp bolanda, adam üçin zyýanlydyr. Holesterini düýe çalynyň aminokislotalara baý bolan düzüminiň dargatmaga, eretmäge doly ukyplydygy tassyklanyldy. Düýe çaly C witaminine, ýagny askorbin turşusyna hem baýdyr. Çal taýýarlanylanda A we C witaminleriň mukdarynyň şol durşuna galyp üýtgemeýändigi, emma witaminleriň B toparynyň bolsa iki esse artýandygy subut edilendir. Şol sebäpli-de bu iýmit bedeni dürli kesellerden goraýar hem-de ähli içki agzalaryň sazlaşykly işlemegini üpjün edýär we içgeçmäniň öňüni alýar. Düýe çalynda C witaminiň köp bolmagy ödüň bölünip çykmagyny güýçlendirýär. Ene-mamalarymyz düýe çalyna ýumurtganyň sarysyny goşup, dermanlyk serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Şol iýmitde fosfor hem-de hek duzlary köp bolansoň, ony iglän çagalara beripdirler. Eger-de çagalara 2 ýaşyndan düýe çaly içirilip başlansa, onda olarda hiç wagt igleme keseliniň alamatlary bolmaýar hem-de bedenleri berk bolýar. Çöl şertlerinde süle ýarmasyna çal garyp iýmeklik adamyň saglygy üçin örän ýaramlydyr. Lukmanlar sülede ýokumly maddalaryň beýleki dänelik ekinleriň ýarmalaryndan has köpräkdigini belleýärler. Süle unundan edilen bulamagy düýe çaly bilen iýmek hem beden üçin ýokumlydyr. Ol böwrek, nerw keselleri hem-de ganazlykda, ysgynsyzlykda gowy dermanlyk iýmit bolup hyzmat edýär. Halk tebipçiliginde inçekeseli hem düýe çaly bilen bejermek giňden meşhur bolupdyr. Türkmen arwanalarynyň adamyň gündelik durmuşynda esasy iýmitiň biri bolan çalynyň dermanlyk häsiýetleri düýäniň ýaşaýyş aýratynlyklary, arassa beýewan çägelikleriň aralarynda ösýän dermanlyk otlardan saýlap iýýänligi bilen düşündirilýär.

 

Seýdilla ÝAZMÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA