SPORT ŽURNALISTI

Jemgyýetimizde sagdyn-durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, sporty ösdürmek we ýaşlary olimpiýa hereketine giňden çekmek maksadynda döwletimizde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şunlukda, türkmen sportunyň abraýy barha artyp, dünýä jemgyýetçiliginiň belent ykrarnamasyna eýe bolýar.

Sport çäreleriniň geçýän ýerinden şol çäräniň beýanyny gyzykly hem-de yzygiderlikde teleradioýaýlymyň ýa-da gazetdir-žurnal sahypalarynyň üsti bilen sport janköýerlerine, galyberse-de halk köpçüligine ýetirmek sport žurnalistiniň wezipesidir. Sport žurnalisti özüniň beýan edýän habarlaryny gyzykly maglumatlar bilen dolduryp, üstüni ýetirmegi başarmalydyr. Sport žurnalisti öz ussatlygyny mydama kämilleşdirip durmaly, sportuň her bir görnüşiniň taryhyny, tanymal türgenleriň durmuş ýollaryny, olaryň üstünlige ýetmeginiň sebäplerini düýpli öwrenmelidir. Sportuň diňe bir milli görnüşlerini öwrenmek ýeterlik däldir. Hat-da ýurdumyzda meşhur bolmadyk sport görnüşleriniň hem gelip çykyşyny, haýsy ýurtda döränligini, sport boýunça ilkinji ýaryşlaryň haçan, nirede geçirilendigini, haýsy ýurduň ýygyndysynyň, haýsy toparyň ýa-da haýsy türgeniň ýeňendigini, baýrakly orunlara eýe bolandygyny hem jikme-jik öwrenmelidir. Sözleýiş medeniýeti sport žurnalistinde juda ýokary bolmalydyr. Dil baýlygyny ösdürmek üçin tagallalaryny gaýgyrmaly däl. Sport žurnalistikasynyň dili ylmy, çeper-publisistiki dil bolman, eýsem sada, düşnükli, žurnalistikanyň kanunalaýyklyklaryndan çykmaýan kämil dil bolmaly.

Sport oýunlarynyň diňe bir türgenler üçin ähmiýeti bolman, eýsem ol sport žurnalistleri üçin hem özboluşly synag meýdanydyr. Munuň özi hünär kämilligini açyp görkezmek üçin giň mümkinçilikdir.

Sport bilen meşgullanmaga, sporty giňden beýan etmäge we sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge giň mümkinçilik döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Türkmen sportuny ösdürýän, ony dünýä derejesine çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

Şeker HAÝTANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.