“TÜRKMEN BEDEWI GÖZELLIGIŇ NUSGASY” ATLY DABARA GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, uly mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Türkmen bedewi gözelligiň nusgasy” atly döredijilik bäsleşiginiň dabarasy geçirildi. Dünýä gymmatlyklarynyň nusgasyna öwrülen türkmen halkynyň behişdi bedewlerine bu günki günde uly sarpa goýulýar. Bedew atlaryň waspy döredijilik sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar. Milli sungatymyzyň köp öwüşginliligini açyp görkezmek ugrunda geçirilen bu bäsleşikli sergisi ildeşlerimize ruhy lezzet paýlaýar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen döredijilik bäsleşigine halypa mugallymlar we talyp ýaşlar türkmeniň uçar ganaty bolan behişde bedewleriniň waspy ýetirilen  şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleri bilen gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşiginde  ýeňiji bolan mugallymlara we talyplara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sungata goýulýan uly sarpa, täze üstünlikleri we zähmet ýeňişlerini gazanmaga ruhlandyrýar. Şeýle döwrebap şertler özüniň miwesini berýär, ýaşlaryň okuwynda, işinde, döredijilikde uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ýaş nesliniň bagtyýar durmuşy ýagty geljegi hakynda edýän aladalarynyň, amala aşyrýan özgertmeleri uly ähmiýete we gymmatlyga eýedir.

 

Amangül GOÇMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI