ÝIGIDE GAÝRATDYR BEDEW

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu gün ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty giň äleme doldy. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip yglan edilen ýylynda hem Türkmen bedewiniň milli baýramy şanly wakalaryň birine öwrüler. Munuň özi durmuşyny atsyz göz öňüne getirip bilmedik türkmen halky öz behişdi bedewlerine bolan söýgüsiniň çäksiz nyşanyny görkezýär.

Türkmen behişdi bedewini uçar ganaty saýýar. Bu gün özüniň owadanlygy, duýgurlygy, ýüwrükligi bilen göreni haýrana goýýan ahalteke bedewleriniň waspy ajaýyp aýdym-sazlarda we şahyrana goşgylarda ýetirilýär.

Ýurdumyzyň özboluşly tebigy aýratynlyklary onuň ajaýyplygy sungat eserine çalymdaş gözelligi döredýän ýaz paslynyň ilkinji pursatlary aýratynam dag etekleriniň ajaýyplygy bahar baslynyň ýakymly howasy bilen utgaşyp ynsan kalbyna oňyn täsirini ýetirýär.

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek, olaryň başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri emele getirýär. Bedewleň tebigy gözelligi olaryň çalasynlygy wepadarlygy ösen aň paýhasy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyr we suratkeşler üçin ylham çeşmesi boldy.

Türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Mähriban Arkadagymyzyň wagt tapyp çeper döredijilik işini dowam edýändigi hemmelere mälimdir. Milli Liderimiziň döredijiliginde milli tebigatyň täsin ajaýyplyklaryna mähir we söýgi bilen garalýandygyna göz ýetirmek bolýar.

At türkmen üçin hemme zat. Bu geçmişde-de şu günlerem şeýle. Ol barada müňlerçe nakyllar atalar sözleri döredildi. Ol dilden aýdylýan halk döredijiliginiň gahrymanlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Serdarymyz asyrlar aşyp nesilden-nesle geçirilýän ýörelgeleň täze taryhy eýýamda döwrebap derejede ösdürilmegine möhüm üns berýär. Şunuň bilen baglylykda paýhas çeşmesine öwrülen ýagşy dessurlar halkymyzyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki döwürde maşgala gymmatlyklary edep-ekram ýörelgeleri nesil terbiýesinde möhüm orun eýeleýär.

Şeýlelik-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde asyrlaň we nesilleň arabaglanyşygyny özünde jemleýän milli ýörelgeler giňden wagyz edilýär. Munuň özi nusgalyk derejä göterilen milli ýörelgelerimiziň dowamata atarylmagyna giň ýol açar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Bedew atlar — gerçek gaýratynyň nusgasy. Watançylyk duýgusynyň beýikligi, bedew atlar şol beýiklikdäki ýyldyzlar. Bedew münmek türkmeniň gerçeklik edebiniň dessurydyr. Bu dessur türkmen maşgalasynda atadan ogla, agadan inä miras bolup geçýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki atçylyk-sport toplumlarynda, aýlawlarda atşynaslyga, seýisçilige, çapyksuwarlyga höwesjeň ýaşlaryň tälim alýanlygy şol mirasyň dowamlylygyny aňladýar» diýip, özüniň Atda wepa-da bar, sapa-da atly kitabynda örän jaýdar belläp geçýär.

Diýarymyzda arassa ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy atçylyk sportuny ösdürmek hem at çapmagyň milli däplerini ýaýratmak boýunça zerur işleriň alnyp barylmagy, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde atlar üçin olaryň seýislenmegi, türgenleşdirilmegi, saglygyny goramagyň üpjün edilmegi dünýä ülňülerine gabat gelýän ýokary milli enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap aýlawlaryň gurulmagy şeýle hem häzirki wagtda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk ýokary okuw mekdebiniň we ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşygynyň tamamlaýjy depginde alnyp barylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklarynyň guralmagy ýola goýuldy. Munuň özi ýaş ýetginjekleriň bedew münmäge, at çapmaga bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak bilen bir hatarda, milli çapyksuwarlyk däpleriniň üstünlikli dowam etdirilmegini we ol ýörelgeleriň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýär.

Buýsançly başlarymyzy belent tutýan goç ýigitleň ýakyn syrdaşy saýlan meşhur bedewlerimiziň gelip çykyşy biziň eýýamymyzdan ozalky müň ýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär. Munuň şeýledigini täze Nusaýda hem gadymy Marguşda geçirilen gazuw agtaryş işleri netijesinde tapylan gymmatly tapyndylaram doly subut edýär.
Ata-babalarymyzdan köp asyrlaň dowamynda yhlas zehin siňdirip hakyky sungaty türkmen bedewiniň gözellikde ýyndamlykda deňi taýy bolmadyk täsin tohumlyk döretdiler. Hut şonuň üçinem Oguz han atamyzyň şöhratly şahsyýetlerimiziň beýik ýöreýişlerinde şanly ýeňişlerinde gaýduwsyz serkerdelerimize ýaran bolan bedewlerimize Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe berilýän üns goýulýan sylag hormat örän uludyr.

Öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen bedewleriniň, aýratyn-da ahalteke atlarynyň şan-şöhraty bütin dünýä belli. Çünki, bedewlerimiz owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, berk bedenliligi, ajaýyp häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Bedew türkmeniň uçar ganatydyr, Allatagalanyň türkmen topragyna beren üýtgeşik bir keramatly halatydyr. Gaçsa gutulýan, kowsa ýetýän, ýyndamlyk türkmen bedewine Biribardan berlendir. Owadanlygy, gözelligi onuň behişdiliginiň nyşanydyr. Bedew är ýigitleriň gardaşydyr, mert ýigitleriň syrdaşydyr.

Şöhratly pederlerimizden bize miras galan «At agynan ýerde toý bolar»,
«At aýlanyp gazygyny tapar», «At basyşyndan belledir», «At gadyryn münen biler» ýaly nakyllar Göroglyň at oýnadyşy ýaly halk sazlary merdana halkymyz üçin ahalteke bedewleriniň hemişe ýakyn mährem bolandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Şeýle-de Magtymguly Pyragyň, Annagylyç Mätäjiň, Gurbanaly Magrupyň, Seýitnazar Seýdiň, Gurbandurdy Zeliliň, Şeýdaýyň, Şabendäň şygyrlarynda, Oguznama Gorkut ata Görogly şadessanlarynda, ertekidir rowaýatlarda hem-de beýleki birnäçe çeşmelerde türkmen bedewiniň häsiýetleri gyzykly täsin wakalaň üsti bilen çeper beýan edilýär.
Halk ykbalyny özgerden, ýurt mertebeseni belende göteren ahalteke bedewlerimiziň tarypyny etmek, oňa guwanmak we buýsanmak şahyr üçin beýik dereje. Çünki şahyr halkyň adamsy, ol halkyň ykbalyndan birjikde üzňe däl. Şonuň üçin eziz Diýaryň ömri bilen dahylly derejelere öz döredijiliginde türkmeniň göwün giňligi ýaly orun beren Türkmenistanyň Gahrymany halypamyz Gözel Şagulyýewanyň hem

 

Türkmen ýigidiniň ýoldaşydyr, syrdaşydyr, gardaşydyr bedew

 

Türkmen ýigidiniň hemdemidir, hemrasydyr, hemaýatydyr bedew

Türkmen ýigidiniň ýardamydyr, ýaranydyr, ýakynydyr bedew

 

diýen sözlerinde bedewiň türkmen ýigidiniň iň ýakyn bolan köňül ganatydygyny aýdyň duýulýar. Diýmek, türkmeniň ahalteke bedewi durmuşyň özi ýaly janly güýç. Durmuşyň özi ýaly dowamly güýç. Edil akar suwuň her ýedi ädimden özüniň täzelenşi ýaly bedew hakyndaky söhbetlerem hemişe dowamly söhbetler...

Türkmen bedewlerimiz diňe bir özüniň owadanlygy, ýyndamlygy hem çydamlylygy, gaýratlylygy bilen belli bolman, eýsem ynsan ýaly duýgurlygy, syzgyrlygy bilen-de dünýä mälimdir. Dana atamyz Magtymguly Pyragy: «Bedew atlar adam ýaly syzýandyr», diýip ýöne ýere aýtmaýar. Şahyr Gurbannazar Ezizow öz goşgy setirlerinde şeýle beýan edýär:

 

Şat gününde şatdyr ol,

Toýda şöhratyň bolar.

Magşar güni aglanlaň

Birisi atyň bolar.

 

Şu goşgy setirlerinde aýdylyşy ýaly, türkmen atlary öz eýesiniň şatlygyna goşulyp, gamly gününi deň paýlaşyp bilýän ýeke – täk jandardyr.

Hawa, türkmen edebiýatynyň taryhynda bedewleriň çeper keşp derejesine ýetirenligi äşgär. Isgender Zülkerneýniň Busefal, Rüstem Zalyň Rahş, Muhammet pygamberiň Byrag diýen atlarynyň, Göroglynyň Gyratynyň, Mähriban Arkadagymyzyň Akhanynyň suratly keşplerini mysal getirmek bolar. Olaryň at – owazasy şahyrlardyr bagşylaryň dillerinde diýseň çeperçilik bilen beýan edilýär. Muhammet pygamberiň Byragyny Magtymguly Pyragy adybir goşgusynda şeýle wasp edýär:

 

Agalar, Byragyň waspyn sözläýin,

Arap tilin sözlär özi Byragyň .

Boýny uzyn, göwsi ýasy, reňňi ak ,

Adamzada meňzär ýüzi Byragyň

 

Geçmişde dalbedewlerimiz beýik yz galdyran hakaýyl şahsyýetleriň
şan – şöhratyny belent at abraýyny deň paýlaşyp, taryhyň sahypalarynda saklanyp galmagy başarypdyr.

Türkmen halky şahyrlar suratkeşler tarapyndan wasp edilen ahalteke bedewlerine bagyşlanan nakyllaň parasatly jümleleň pähimleň hem-de matallaň köp sanlysyny döretdi hem-de biziň günlerimize çenli olary saklap galdy. Köp sanly nesilleriň hakydasynda halk döredijiliginiň dürdäne eserleri aýdymlar, dessanlar rowaýatlar we ertekiler hekaýalar saklanyp biziň günlerimize çenli ýetdi. Olarda aýdyň we köp öwüşgünli görnüşde bedewiň keşbi olara türkmen halkymyzyň goýýan sarpasy beýan edilýär. Köplenç halatda bedewlere mahsus bolan häsiýetleň ynsan mertebesine deňelýär.

Türkmen halkymyz bedewleri diňe bir wepaly kömekçi hasap etmän dosty hem-de hemrasy hasaplaýar. Olarda güýç-gaýraty çalasynlygy hem-de wepadarlygy görýär. Bedew bilen didarlaşyp ylham alýar hem-de bu dünýäniň gözelligine we sazlaşygyna haýran galýar.

 

«Atym bar ganatym bar» diýýän türkmen halkymyz bu gün döwletimiziň ösüşleriniň depginini bedew bady bilen ölçeýär. Bu nakyl türkmenleň öz bedewlerine bolan belent sarpasyny aýdyň beýan edýär. Bu gysga, ýöne manysy çuň nakylyň dilden düşürilmän aýdylmagy-da tötänden däldir. Bu sözüň aňyrsynda uly hakykat, uly umytlar bar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda türkmen atlarynyň sanyny köpeltmäge, nesil arassalygyny saklamaga uly üns berilýär. Seýisçilik, atbakarlyk, çapyksuwarlyk, atşynaslyk ýurdumyzda öwrenilýän hünärlere öwrüldi. Türkmen seýisleri atlaryň her bir hereketini, häsiýetini öwrenýärler. Olar ata çemeleşenlerinde atyň näzik dünýäsine saýhallylyk bilen aralaşmaga, çapuwa taýýarlanan atlar bilen taýynlyk işleriniň geçirilişine aýratyn üns berýärler. Çünki at öz üstündäki çapyksuwaryň hereketine düşünýär. Atyň namysjaňlygy, duýgurlygy ynsan häsiýetine çalymdaş.

Türkmen bedewiniň çarpaýa galşy, kişňeýşi, towsaklaýşy, aýagynyň inçeden uzynlygy, toýnaklarynyň beýikligi, boýnunyň uzyn hem gelşikliligi daşary ýurtly atşynaslaryň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bedewlerimiziň şanyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap atçylyk sport toplumlarynda uly dabaralar geçirilýär. At çapyşyklarynyň guralmagy her birimiziň kalbymyzda çäksiz buýsanç döredýär. Şeýle hem «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» bäsleşiginiň geçirilmegi ahalteke atlarynyň şan-şöhratynyň artmagynda, iň owadan ahalteke bedewini saýlap seçmekde möhüm ähmiýete eýedir.

At idetmekde, ony bakyp bejermekde aýlawlarda çapdyryp tälim bermekde örän baý tejribesi bolan türkmen seýisleri atşynaslary hünärmenleri bedewleň ýyndamlygyna we çydamlylygyna aýratyn üns beripdirler. Olaryň pikirine görä tohum atlar
menzil-menzil ýol söküp dünýäni aýlanyp çyksalaram asla ýadamaýarlar. Gaýtam barha gujurlanýarlar gaýratlanýarlar. Bedewlerimiz barada bu günki gün döwlet derejesinde edilýän aladalar amala aşyrylýan tutumly işler türkmen atlarynyň şöhratly nesliniň barha kämilleşip dowamat-dowam boljakdygyndan habar berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilen halkara sirk oýunlaryna gatnaşyp, iň ýokary baýraklara mynasyp bolýar. Ajaýyp bedewlerimiz bagtyýarlyk döwrümizde döwletimiziň şan-şöhratyny has-da belende göterýär. «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly adyň eýesi Gahryman Arkadagymyzyň ýyndam ahalteke bedewlerine ussatlyk bilen erk etmegi, halkymyz, aýratyn hem, ýaşlarymyz üçin ýörelgedir we göreldedir.

Türkmeniň sirk sungaty bedew atlarymyz bilen aýrylmaz baglydyr. Bu günki gün beýik sungata öwrülen at üstündäki oýunlarymyz milli däp-dessurlarymyza öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýtýar. Ata-babalarymyzyň at üstünde ýerine ýetirýän oýunlarydyr maşklary bu gün yklymlary haýrana goýýar. Dünýäň sirk sungaty bilen pugta badaşan at üstündäki oýunlary maşklary şöhratly ýaryşlary ahalteke bedewlerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däldir. Lagly jöwherden ýasalan esbaplar bilen bezelen bu bedewleň türkmeniň uçar ganaty bolmak bilen birlikde milletimiziň adynam ýer ýüzüne meşhur bolmagynda uly goşantlary bardyr.

At üstündäki jigitlerimiziň türkmeniň sirk we çapyksuwarlyk sungatynyň çylşyrymly maşklaň jadyly güýjüni ussatlyk bilen dünýä ýaýmaklary üçin bu günki gün bizde ähli zerur şertler döredilendir. Döşleri milli şaý-sepler bilen bir kemsiz bezelen türkmen bedewleriniň sirk sahnasyndaky edepliligi älem jahana haýrana goýýar. Hut şonuň üçinem ata Watanymyzda inçe bil gamyşgulak türkmen atlarynyň üstünde ajaýyp oýunlary maşklary çeýelik bilen ýerine ýetirmegi başarýan gyrmyzy donly ak telpekli ýigitleriň sungatyna örän ýokary baha berilýär.

Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň özgerişli däp-dessurlarymyzyň sarpasyny belende götermek halkymyzyň taryhyny sarpaly mirasyny dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň dabaralanmagy babatda uly goldaw berýän hem-de ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende göterýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hemem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

 

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI