SARPA (Hekaýa)

Gyzlary durmuşa çykyp, ýeke ogly Hudaýberdi hem iş sebäpli şähere göçüp gidensoň, uly howluda ýaşy segsene golaýlap ýören Çoluk seýsiň ýeke özi galyberdi. Halys ýalňyzlyk basan çagy ol daldany bedew atyndan gözledi.

At torba iki goşawuç ak jöwen guýan goja ýene-de atynyň ýanyna syrlaşmaga bardy. Ol hokranyp duran atynyň kellesine torba geýdirdi-de:

— Me, al, gardaşym, hälem seniň barlygyň — diýdi.

Atyňam halys garrany daşyndan görnüp durdy. Çoluk aga aty sypalap durşuna, pikire çümenini duýman galdy. Bir pursatda gözüniň öňünden aýlawlarda abraý paýlaşan bedewleri ýekän-ýekän geçip gitdi. Gyratyň dünýä inenini oglanlaryň oba buşlap ýörenleri ýaňy ýalydy. Birmahallar onuň dabarasy dag aşypdy. «Çoluk seýsiň Gyraty» diýenlerinde dagy, gojalyk basmarlap ugrandygyna garamazdan, özüni Çardagly Çandybiliň soltanydyryn öýtmezdi.

Çoluk aga atynyň adyny Görogla meňzemek üçin-ä dakmandy. Atyň reňki gyrdy. Onuň owadan reňki, ýüwrükligi sebäpli, hyrydar çykanlar kän bolupdy. Ýöne Çoluk seýis geleni yzyna gaýtardy oturdy. Şeýdip Gyrat bilen tirkeşip, telim toýlardan baýrakly dolandy...

Goja munça pikire berlip oturyşyna çaýy nädip içeninem bilmedi. Goş-golamyny ýygnaşdyryp, ýerinden turdy. Horjunyny egnine atyp, atynyň ýanyna bardy. Irişmesinden tutup, atyny idip, ýuwaşjadan ýöräp barşyna tebigatyň ajaýyp gözelligine maýyl boldy. Edil şu pursat okamaga höwrügen gojanyň serine Gurbannazar şahyryň ajaýyp setirleri gelip, göwni göterildi:

Juda ir höwrükdim ýaşyl baglara,

Sähranyň üstünden öwsen şat ýele.

Şoň üçinem gussa batan çaglarym

Keselmi bejerýän tebigat bilen...

— Essalawmaleýkim, ýaşuly!

Çoluk aga özüne salam berýän ýigidiň kimdigini birbada tanap bilmedi.

— Men ilerki «Ýalkym» obasyndan — diýip, myhman tanyşlyk berdi. — Gapbar seýsiň agtygy. Habarly geldim. «Habary özüne elin ýetirmän gaýdaýmagyn» diýip tabşyryp goýberensoňlar häliden bäri garaşyp durşum.

Çoluk seýis alasarmyk pikirlere gümra boldy. Tolgundy. «Hernä, eýgilik bolsun-da» diýip, içini gepletdi. Ýaş ýigit sözüni dowam etdirdi:

— Çoluk aga, men toý çakylygy bilen geldim. Daýym Çaly Magtym ogluny öýerýär. Şu hepdäň aýagyna-da toý. Bagşy aýtdyryljak, göreş tutdurylyp, at çapdyryljak. Toýuň geňeşinde «Garry atyň baýragy» diýen baýragam goýuldy. «Şoňa ýagdaýy bolsa, Çoluk seýis Gyraty alyp geläýse» diýdiler. «Atam-a: «Gyratyň başyny belent tutup toýhana gelenini ýene bir göräýsem, armanym ýok» diýip, gaýtalap otyr. Ine, toý çakylygyny hemem ýaşulularyň, ýok, tutuş obamyzyň haýyşyny ýetirmek üçin meni ýörite iberdiler.

Çoluk aga çakylykçy ýigidiň ýüzüne seredip durşuna elýaglygyny çykaryp, maňlaýynyň derini süpürdi. Uludan demini aldy. Haýran galaýmaly, telim ýyl bäri eşidip görmedik sözleri oňa juwanlyk gaýratyny gaýtaryp berene döndi. Göwni galkyndy. «Gyraty küýseglän halaýygyň gurbany bolaýyn» diýip, içinden öwran-öwran gaýtalady. Edil şu wagt turup gidägede, Gyrata atlanyp aýlawa çyksa, iň bir ýyndam aty-da öňüne geçirmejegine garaçyny bilen ynandy. Aýlaw küýsedi.

Ýaşulynyň bolup oturyşyndan çakylykçy ýigit özüçe netije çykaryp, aladaly dillendi:

— Ýaşuly, eger toý güni gelip alyp gitmeli bolsa...

— Ýok, ýok, onyňdan gürrüň bolmaz — diýip, Çoluk seýis gözlerini tegeledi. — Bular ýaly çakylyga Gyrat bilen başymyzy belent tutup barmasak bolmaz. — Ýaşuly tolgunyp, myhmana «gel-geç» etmegi-de unudandygyny şondan soň bilip galdy. — Wiý, edeniň bar bolsun, hany, inim, öýe gir-ä. Bu hoş habaryň üçin ajyja çaý bermesem bolmaz saňa — diýip, ýigidiň jogabyna-da garaşman içerik ýöneldi. — Garry seýsi, inim, sen juda begendirdiň. Göwnüm göterildi. Özüm üçin däl, Gyrat üçin begendim. — Ýaşuly öýüň içinde gybyrdyklap ýörşüne dynman gürleýärdi. — Perzendiniň abraýyna ene-atasynyň guwanyşy ýaly-da. Beýle hormatyň at üçin nähili uly manysynyň bardygyny göz öňüne-de getirýän dälsiň sen...

Toý günem gelip ýetdi. Özüne hem atyna birkemsiz serenjam beren Çoluk seýsiň ruhy belentdi. Ol iki obanyň arasyndaky ýoly atly geçmek üçin säher bilen ýola düşdi. Ýolboýam içini gepletdi. Asyl ol çakylykçy gelip gideli bäri içgepletmesiniň yzyny üzmese näme? Ine, şu wagtam ol kimdir birine bir zatlar düşündirýän ýaly, dürli pikirleriň töweregini tozadyp barýardy: «Haý, garrap ýörenim çyn öýdýän meniňem. «Garry atyň baýragyny» goýmagy ýatdan çykaraýdylar» diýip, öz ýanymdan öýke edip ýördüm. «Ýa Gyraty çagyrman, başga bir ata berip ýörmükäler ol baýragy?» diýip, öz ýanymdan güman etsemem, hiç ýerde sesimi çykarman-a gaty oňarypdyryn. Halaýygyň nähak göwnüne degjek ekenim. Ana, unutmandyrlar-a. Dessuram unudylmandyr, Gyratam halkyň ýadynda ekeni. Başgaça bolmagy mümkinem däl-dä. Heýem türkmen at bilen baglanyşykly dessuryny unudarmy! Bedew diňe aýlawlary baglap ýören döwri sarpalanmaly däl-ä. Ol özüniň hormatlanýanyny garrap, aýlawdan galandan soňam bilmeli ahyryn». Goja seýis ýylgyryp, başyny ýaýkady. «Haý, pederlerimiz durmuşy başdan-aýak gurnab-a gidipdirler-ow. Heý, şu dessurlaryň birini aýryp, ornuna başga bir zat goýar ýalymy?!».

Çoluk seýis toýa baryp, ýaşulular bilen ilki bagşy diňledi, soňra pälwanlaryň bil tutuşýan ýerinde bir salym güýmendi. Ýaglyga towsup ýörenleriň «hähini» ýetirdi. Ýöne nirä barsa-da, gulagy töweregindedi. Ol jarçynyň aýlawa çagyrýan sesine garaşýardy.

Ine, ahyrsoňy onuň garaşýan owazy ýaňlanyp ugrady:

— Haý, halaýyk, eşitdim-eşitmedim diýmäň-le ho-ow-w! Aýlaw başlanjakdyr-la ho-ow! Seýisler çapyljak atlary getirmelidir-le ho-o-w! Özem bu toýda ata-baba dessura eýerilip, at-abraýy dag aşan, ençeme ýyllap toýlarda öňüne at geçirmedik meşhur Gyrata baýrak gowşuryljakdyr-la how! Gyratyň jemalyna guwanasy gelýän, Çoluk seýsiň şatlygyna şärik bolasy gelýän aýlaw meýdançasyna baryň-la ho-ow...

Ýitiden dury sesli, tutuş sebitiň toýlarynyň aglabasyna gatnaşan, aýagy çokaýly, silkme possunly, başy şypyrmaly jarçy Gazakbaý Gandymyň sesi ýatyp-ýatmanka, toýçy märeke sil süýşen ýaly, aýlaw geçiriljek ýere ýöneldi. Aňyrdan dabara ýörişini edip gelýän Gyrata gözi düşensoň-a märekäniň şowhuny has-da artdy.

— Gözüň aýdyň, Çoluk seýis!

— Gözüň aýdyň, Gyrat jan, nesip etsin, baýragyň!

— Bul-a tüýs bolaýdy, gaty jüpüne düşdi, nesip etsin!

Bu wagt goja seýsiň gözüne ýörite goýlan baýragy alyp gelýän ýigitlerem, öz adyny tutup gygyrýan obadaşlaram... asyl hiç zat görnenokdy. Gulagyna-da eşidilýän zat ýokdy. Bu wagt ol diňe gamyşgulaklaryny keýerdip, edil dabarasy dag aşan döwürlerindäki ýaly joşgunly gadam urup barýan Gyraty görýärdi. Gulagyna bolsa Gyratyň il-halkyň söýgüsinden joşgun alyp, ornundan çykaýsam diýýän ýüreginiň urgusy eşidilýärdi.

 

Galpakbaý

GURBANBAÝEW.

Meňzeş habarlar