Gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan gadymy hem şöhratly taryhynda türkmen halky dünýä medeniýetiniň ösüşine ajaýyp medeni gymmatlyklary goşupdyr, şolaryň biri hem gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak bedewlerimizdir. Häzirki wagtda türkmen bedewlerimiziň şan-şöhraty gaýtadan dünýä doldy. Adam ýaly syzgyr, şöhraty äleme dolan bedewlerimiziň taryhyň ähli döwürlerinde ynsanyň ýakyn dosty bolandygy barada maglumatlar diýseň köp. Türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, ”Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplarynda gamyşgulak bedewlerimiziň şöhratly taryhyna, şu günki günde döwlet derejesinde edilýän aladalara, türkmen bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryna, halkymyzyň abraý-mertebesini arşa götermekde türkmen bedewleriniň tutýan ornuna degişli gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Türkmen bedewlerimiz milli we umumadamzat medeniýetimiziň uly gudraty bolmak bilen, Türkmenistanyň dürli ugurlarda uly üstünliklere eýe bolmagynyň özboluşly nyşany hökmünde hyzmat edýär. Ýurdumyzda ahalteke bedewlerini bütin dünýäde wagyz etmek we olaryň şan-şöhratyny artdyrmak işinde, şeýle hem atçylyk pudagynda maksada okgunly, giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň ýaly hem ýaşlaryň atçylyk sportuny ösdürmek, çapyksuwarlaryň hünär we taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwletimiz tarapynda giň möçberli çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmeniň göz-guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň gadyr-gymmaty bu gün barha beýgelýär. Ol biziň geçmiş taryhymyzda hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Geçmişde ýyndamlykda, gözellikde dünýäni haýran eden bedewlerimize bu gün döwran dolandy. Hormatly Prezidentimiz milli buýsanjymyza öwrülen bedewlere aýratyn sarpa goýup, atçylygyň ösüşine uly ähmiýet berýär. Häzirki Galkynyşly döwrümizde Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ahalteke atlarynyň sanyny köpeltmäge, behişdi bedewlerimiziň geçmişdäki şöhratyny häzirki döwrümizde hem dabaralandyrmaga ähli şertler döredildi. Elbetde, ata babalarymyzyň asylly ýol ýörelgelerine eýerip, türkmen atçylyk sungatynyň täze rowaçlyklara beslenmegi özboluşly gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýran edýän türkmen bedewlerimiziň dünýä dolan şan-şöhratyny has belende götermek mukaddes borçdyr. Indi her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň milli baýramçylygyny bellemek asylly däbe öwrüldi. Behişdi bedewlerimiziň şanyna ýurdumyzda aprel aýynyň dowamynda geçirilýän at çapyşyklary, türkmen bedewleriniň gözellik bäsleşikleri, şeýle-de geçirilýän medeni çärelerdir-dabaralar ruhymyza ruh goşýar, göwünlere galkynyş paýlaýar. Olara tomaşa edip, ýene-de dana Pyragynyň “Çyn bedewler meýdanynda bellidir” diýen setirleri hakydaňa dolýar. Türkmen bedewiniň milli baýramy halkymyzyň buýsanjy, guwanjy bolan behişdi bedewlerimiziň şanyny, waspyny ýene-de bir gezek dünýä ýaýan özboluşly milli baýrama öwrüldi. Biz ýaşlar ahalteke bedewlerine uly sarpa goýup, atlaryň bu tohumyny wagyz edip, milli atşynaslygyň ösdürilmegine hemişe goldaw berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ömürleriniň uzak, il – ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Azat HAÝYDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
esasy hünärmeni.