EDEP – TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY

Adamzat durmuşynyň bezegi mähriban ene. Çaga dil bitende ilki sözlän sözi hem enedir. Enaniň hem her bir sözi alkyşy, päk arzuwy, her jümlesi perzendiniň sag-salamat gezmegi hakynda. Ene hakynda gürrüň edilende Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly çuň parasata ýugrulan kitaby hakydaňa gelýär. Kitap her bir adam üçin gymmatly ruhy çeşme.Kitapda nygtalyşy ýaly, enäniň hüwdisi körpesiniň rahatlygydyr, şirin mukamdyr,ýagty umytlardyr perzentleriň körpelikden başlap tä ulalýança eden her bir hereketine üstünligine guwanýan ene onuň ukybyny ösdürip, başarnygyny kemala getirýär.Enäniň yhlas bilen öwreden goşgudyr aýdymy çaganyň ýadynda hemişelik galýar.Perzendiniň eline galam berip, hat ýazmagy harpy okamagy-da ürç edip öwredýän enedir.Ene harplygy näçe çagasy bolsa şonça gezegem okaýar. Ene edep-terbiýäniň, göreldäniň gözbaşy.Ýagşylyk gylyk-häsiýet ene öwüdiniň, göreldesiniň gözbaşy.Ula-kiçä hormat goýmagy dogry sözlüligi, adamkärçiligi, ynsaply bolmagy umuman,adamy bezeýän häsiýetleriň ählisine ene perzendine ýaşlygyndan öwredýär. Gyzyna el hünärini öwredip,tikin işlerine ugrukdyrýanam ene.Şu günki gün ene-mamalarymyzyň ýardamy bilen öwredilen el hünäri müňlerçe gelin-gyzlarymyzyň zehinine ýugrulyp, döwrebap öwüşgine eýe bolýar.Netijede eneleriň gymmatly öwütleri, öwreden el hünäriniň inçe syrlary asyrlar boýy nesilden nesle geçirilip, milli gymmatlyklarymyzyň dowamat dowam bolmagyna itergi berdi. Adamyň ömür ýolunda bolup geçen ähli wakalar hakydasynda müdümilik ornaýar. Şol ýatlamalaryň ene bilen bagly bolan pursatlary bagtyýarlykdan, mähirden söýgüden pürepürdir. “Ene eli-em, dili-melhem” diýen paýhasly jümleleri miras goýan ata-babalarymyz müň keren mamla.Enäniň mähri, elleriň ýylysy göwün islegi maýyl ediji ezizlikdir. Kähalatlarda ýekelikde durmuşda ýüze çykan meseleler babatyndaky pikirler basmarlanda, özüňi ýalňyz duýanyňda, ene hakyndaky oýlanmalar halas edýär.Şol pursat enäniň mähirli keşbi, mylaýym sözleri hakydanda janlanyp, kalbyňa rahatlyk aralaşýar. Özüňi ele alýarsyň, ýagty geljege bolan ynamyň artýar.

 

Azat HALMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA