Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýurdumyzyň her bir güni toýdur – baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Ynha şeýle ajaýyp seneleriň biri hem bütindünýäde bellenilip geçilýän kitap günidir.
Bütindünýä kitap güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi şeýle-de Ak bugdaý etrap Geňeşi, Ahal welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurnamaklarynda Ahal welaýatynyň merkezi kitaphanasynda öňde baryjy mekdep okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Bütindünýä kitap güni mynasybetli geçirilen döredijilik duşuşygynda gurnalan kitaplaryň sergisi oňa gatnaşan ýaşlarmyzda örän uly täsir galdyrdy. Döredijilik duşuşygyna gatnaşan ýaşlar özleriniň ýürek buýsançlaryny goşgy setirleri bilen beýan etdiler.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Kitap okan gullar manydan dokdur” diýip belleýşi ýaly adam ruhy taýdan özüni gandyrmak, doýurmak üçin kitap, döredijilik we edebiýat bilen arasy gowy bolmaly. Kitap ynsan ömrüne many çaýýar diýip döredijilik duşuşygynda çykyş edenler giňişleýin belläp geçdiler. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri ýaşlara görelde mekdebi bolup durýar. Arkadagymyzyň kitaplarynda türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlary, edim-gylymlary , milliligi barada giňişleýin beýan edilýär. Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren ajaýyp atalyk kitaplary türkmen halkymyza esasanam ýaşlarymyz üçin ýan kitaby, görelde mekdebi bolup durýar.
Döredijilik duşuşygynyň dowamynda oňa gatnaşan öňdebaryjy ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat hem-de Ak bugdaý etrap Geňeşleri tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi geljekde Watanymyza, halkymyza Hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize özleriniň sagbolsunlaryny aýtdylar.
Täjinar ALLANUROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.