ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarash etrap Geňeşiniň guramagynda Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sport ýaryşlary geçirildi.

Çagalaryň dynç alşynyň many-mazmunyny artdyrmak, olaryň giň gözýetimli, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak hem-de sporta höwesini ýokarlandyrmak maksady bilen guralan ýaryşa çagalar örän işjeň gatnaşdylar. Ýaryşa gatnaşyjylar sportuň hereketli oýunlar we futbol görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Örän gyzykly we çekeleşikli geçen ýaryşlaryň netijesinde «Berkararlyk» topary üstün çykdy. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Laçyn BAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar