Ýakynda Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi tarapyndan «Ruhubelent çagalar — röwşen geljegimiz» atly çäre geçirildi. Çagalaryň dynç alşynyň many-mazmunyny artdyrmak, olaryň giň gözýetimli, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak hem-de sporta höwesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen sport ýaryşlarydyr-döredijilik bäsleşikleri uly gyzyklanma eýe boldy.
Bagtyýar çagalar sportuň hereketli oýunlar we kiçi futbol görnüşinde sport ussatlygyny görkezdiler. «Güneş», «Joşgun» toparlary sport ýaryşlarynyň ýeňijileri boldular. Surat çekmekde, şol sanda aswaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça bäsleşige gatnaşanlara hem zehin-başarnygyny açyp görkezmäge giň mümkinçilik döredildi.
Reňkli kagyzlardan şekil ýasamak bäsleşigi hem täsirli boldy. Surat çekmek we şekil ýasamak bäsleşiklerde hem aýratyn zehinli çagalar öňe saýlanyp, olara ýörite sowgatlar gowşuryldy. Ýaňlanan aýdym-sazlar çäräniň täsirliligini we ruhubelentligini artdyrdy.
Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüm müdiri.