Wagyz-nesihat çäresiniň ähmiýeti

Tejen etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Tejen etrabynyň  40-41-42-nji orta mekdeplerinde bilim alýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda  ýaşlary ylymly bilimli, sagdyn, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmek, türkmen jemgyýetinde hereket edýän kanunçylyk düzgün bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda  iri jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri çykyş edip, ýurdymyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalanýandygy barada aýdyp, türkmen jemgyýetinde hereket edýän kanunçylyk düzgün bozulmalaryň öňüni almakda, raýatlara hukuklaryny we borçlaryny düşündirmekde wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti barada giňişleýin belläp, ýaşlaryň arasynda geçirilýän terbiýeçilik häsiýetli wagyz-nesihat işleriniň netijeliligini gazanmak möhümdigini bellediler. Duşuşygyň ahyrynda bolsa, Garaşsyzlygyň berk binýadyna deňelýän ylymly, bilimli, ýaş nesliň eşretli zamanamyzda okamagy öwrenmegi, döretmegi, gurmagy üçin giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Kakamyrat NURBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA