SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ROWAÇLANÝAR

SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ROWAÇLANÝAR

         Sport we bedenterbiýe sagdyn durmuş ýörelgesiniň gözbaşy hasaplanýar. Şonuň üçin hem köpçülikleýin sporty ösdürmek, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesiniň gözbaşy hasaplanýar.Şonuň üçin hem köpçülikleýin sporty ösdürmek, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.Bu babatda orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde netijeli işler alnyp barylýar, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär.Mugallymlar, bilim işgärleri ýaşlary sporta çekmekde wagyz-nesihat işlerini geçirýärler.Munuň özi beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri uly ähmiýet berip gelýän ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwä geçýär. Türkmenistanda täze stadionlar,sport merkezleridir mekdepler,saglyk öýleri dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar gurlup, ulanmaga berildi..Paýtagtymyzda, welaýat we etrap merkezlerinde gurlan döwrebap sport binalar sagdyn durmuş ýörelgesine höwes bilen gelýän ýerine öwrüldi.Bu ýerlerde sport bilen meşgullanmak, saglygyňy berkitmek, ýokary sport görkezijilerini gazanmak üçin ähli şertler döredilendir. Umumy beden taýýarlygyny berkitmegi maksat edinýän ildeşlerimiz iň täze nusgadaky türgenleşdirijiler oturdylan türgenleşik zallaryny peýdalanyp bilýärler.Hemmetaraplaýyn türgenleşmäge niýetlenen sport enjamlary bedeniňi berkitmäge, onuň çeýeligini artdyrmaga, beden hem ruhy saglygyny goramaga ýardam edýär.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ildeşlerimiziň müňlerçesi sagdyn, ruhubelent bolmagy sport bilen dostlaşmagy, beden hem ruhy sagdynlygy yzygiderli pugtalandyrmagy durmuş kadasyna öwürdiler.Bu günki günde ýaş türgenleri taýýarlamakda olaryň sport çärelerinde üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmakda uly işler alnyp barylýar.Şonuň üçin hem diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýäde geçirilýän ýaryşlarda hem türkmen türgenleri öňdäki orunlary eýeleýärler. Sportuň dürli görnüşleri boýunça gazanylýan şeýle üstünlikler ýaşlarymyzyň kämildigini, ukyp-başarnyklarynyň ýokarydygyny aýdyň beýan edýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýar.Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň saglygyny berkitmekde bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.Jemgyýetimizde kämil şahsyýeti terbiýelemekde ata-babalarymyzyň “Sagdyn bedende-sagdyn ruh” diýen pähiminden ugur alynýar. Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerine giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

 

Azat HALMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň  esasy  hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA