TÜRKMEN ŞAÝ-SEPLERI “MERTEBE MIRASYMYZ”

Türkmen şaý-sepleri gelin-gyzlarymyzyň mertebesidir.Sebäbi öz göwün diýen lybasyny geýip, şaý- sepini dakynyp çykan her bir türkmen  zenanynyň başy buýsançlydyr, kalby joşgunlydyr. Şeýle mertebä eýe bolan türkmen maşgalasy, özüne bagyş edilen bu gözellikleri sarpalap  edepli- ekramly geýinmegi, dakynmagy başarmalydyr.Edilýän talaba görä,orta asyrlarda Merwda 14 müňe golaý zergär şaý-sep ýasamak bilen meşgullanypdyr. Gadymyýetden gözbaş alýan milli şaý-seplerimize bolan isleg we talap örän uly bolupdyr.Türkmenistanyň günbatar sebitlerinde ulanylýan şaý-sepler babatda aýtsak,olar hem  birnäçe özboluşly aýratynlyklar saklanypdyr.  Şaý-sepler daşky sypatlary, milli häsiýetleri bilen utgaşyp, şol halkyň milli ýörelgelerinden ugur alýan egin-eşiklerinde, şaý-seplerinde öz boluşly aýratynlyklar saklanýar.

Şaý sepler daşky sypatlary, milli häsiýetleri bilen utgaşyp, şol halkyň milli derejesini kemala getirýär. Şonuň netijesinde her bir halkyň milli ýörelgelerinden ugur alýan egin – eşiklerinde, şaý – seplerinde özboluşly aýratynlyklar saklanýar. Şaý – sepleriň öz gözbaşyny ýönekeý nusgalarda, ilki durmuş döwründe alyp gaýtýanlygy barada taryhy çeşmelerde bellenilýär.

Türkmen şaý – sepleri özboluşlylygy we deňsiz-taýsyzlygy bilen tapawutlanýar, şeýle şaý-sepler başga hiç bir halkda duş gelmeýär. Her bir şaý – sep başarjaň elleriň we daş ýarýan zehiniň öňüni alyp aklyňy haýran edýär. Şaý – sepleriň gelin – gyzlara bagyşlanmagy, ozaly bilen türkmeniň zenan maşgalasyna goýýan sarpasydyr.

Şirinjemal AMANOWA,

Türkmenistanyň magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

12 Awgust 2025 | 90 okalan

RUHUBELENT ÇAGALAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZ

08 Awgust 2025 | 99 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER