Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzyň her bir güni şanly senelere toý baýramlara beslenýär. Her ýyl Aprel aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurdumyzda giňden bellenilip geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda ahalteke bedewleriniň taryhyny öwrenmek we bedew atlarymyzyň şanyny dünýä ýaýmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr. Ahalteke bedewleri behişde mynasyp görülýän, gyzdan gylykly, gözelligiň nusgasydyr. Türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün dünýäni haýrana galdyrýar. “At ýaryşda, är söweşde”, “At ýigidiň ýoldaşy”, “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen nakyllardyr pähimli sözler hem türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri bedewe goýýan uly hormat-sarpasyndan nyşandyr. Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumy adamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda dünýäniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, owadanlygy we ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günimiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr. Ynsan bilen bedewiň arasyndaky dostluk we wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy edebi eserlerimizde hem öz peýanyny tapýar. Ata-babalarymyz kemala getiren bedewlerinde maksat-myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasyny görüpdirler. Bu bolsa merdana halkymyzyň öz ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirip bilmeýändigini görkezýär. Sebäbi türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr. Ahalteke bedewlerimizi dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belentliklere galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny alyp barýan nusgalyk işleriniň has-da rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Güljemal ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň hünärmeni.