Türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan, gyzdan gylykly, towşan turuşly, ýelden ýüwrük, gamyşgulak, dik aýak ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty bu günki gün äleme doldy. Ýaşaýyş-durmuşyny atsyz göz öňüne getirip bilmedik türkmen halky özüniň behişdi bedewine bolan çäksiz söýgüsi bilen ýaşaýar. Behişdi bedewini türkmen uçar ganaty saýýar. Özüniň owadanlygy, duýgurlygy ýüwrükligi bilen göreni haýrana goýýan ahalteke bedewleriniň waspy bu gün bütin dünýä doldy. Hormatly Prezidentimiziň gös-göni başda durmagy, parasatly başlangyçlary we ägirt uly tagallalary bilen türkmeniň öz bedew atyna söýgüsi mynasyp derejelenýär. Türkmen atçylygyny hemme taraplaýyn ösdürmek, onda-da oňa mukaddeslik, beýik sungat hökmünde garamagy mizemez etmek, ösdürmek babatda uly işler edilýär. Paýtagtymyzyň eteginde, tebigatyň ajaýyp künjeginde döredilen halkara atçylyk-sport toplumynyň bir özi uly waspnama laýyk. Şeýle kaşaň toplumlar welaýatlaryň her birinde döredildi. Ýurdumyzda her ýyl ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi geçirilýär. Baýramçylyk mynasybetli geçirilýän at çapyşyklaryna daşary ýurtly çapyksuwarlar, halypa çapyksuwarlar, bedew janköýerleri hem gatnaşýar. Türkmen bedewiniň şanyna guralýan şeýle bäsleşiklerde uly baýraklar goýulýar. Ata-babalarymyz atçylygy hünär derejesine ýetiripdir. Bu işi öz nesillerine ýokary hünär derejesinde öwredilipdir. Bu gün biziň beýik zamanamyzda ol beýik tejribeler ýokary okuw mekdeplerinde ýörite hünär hökmünde öwredilýär. Hawa, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyş döwründe türkmen atlarynyň sanyny köpeltmäge, geçmişdäki şöhratyny häzirki döwründe-de dabaralandyrmaga ähli mümkinçilikler edilýär. Milli buýsançymyz bolan ahalteke bedewlerine berilýän üns biziň her birimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. “Biz geljekde hem bedewlerimizi birjik-de ünsden düşürmeris, çünki olaryň biziň buýsanjymyz we şöhratymyz, biziň yhlasymyzdyr” diýip, gamyşgulak bedewlerimize uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň gözli şaýady bolmak, aýratyn uly bagtdyr. Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek giň möçberli, ajaýyp çäreler, şol sanda döredijilik bäsleşikleri we elbetde, at çapyşyklary, olarda goýuljak uly baýraklar barada guwandyryjy habarlar şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda geçiriljek ahalteke atlaryny halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşikler baýramçylyga öz boluşly öwüşgin berýär. At türkmen üçin ganatdyr. At türkmen üçin gardaşdyr. At türkmen üçin agzybirlikdir. Merdi-merdanalykdyr! Erkinlikdir! Öý-ojagyňy goramakdyr! Şeýlelikde, biz bu gün örän buýsançly baýramçylyga – milletiň şöhratynyň, buýsanjynyň, hany-manynyň, dünýä baýlygynyň baýramçylygyna barýarys. Türkmen bedewi mynasybetli tutulýan toý hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygyndaky bedew batly ösüş-özgerişlerimiziň, uly tutumlarymyzyň hem toýydyr!
Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.