2023-nji ýylyň 23-nji aprelinde Halkara kitap güni mynasybetli Lebap welaýat kitaphanasynda we welaýatyň ähli kitaphanalarynda kitaphana işgärleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň gurnamaklarynda “Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy” ady bilen maslahat geçirildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzda ýaş nesillerimiziň arasynda ykdysadyýetimiz bilen bir hatarda sazlaşykly ösýän milli medeniýetimiz we sungatymyz, şeýlede ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasy bolan kitaphanalarda alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin söhbet etmek şeýle hem ýaşlarda kitaba bolan söýgüni güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgüni döretmek maksady bilen geçirilen maslahatyň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan giňişleýin kitap sergisi guraldy.
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşi
KITAP – ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY
24 Aprel 2023
4242

Meňzeş habarlar
16 Iýun 2025
| 5 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
ÇAGA GÜLKÜSI — PARAHATÇYLYGYŇ OWAZY
16 Iýun 2025
| 3 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY
13 Iýun 2025
| 85 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>