“DAL BEDEWLER – HALKYMYZYŇ BAÝLYGY”

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe türkmen bedew atynyň alnyndan al, Gün şugla saçdy. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde atçylygy we atly sporty ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere galýar. Döredijilikli we yhlasly zähmeti bilen türkmen atşynaslary dünýä belli behişdi ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça uly işler alyp barýarlar.

Behişdi bedewlere goýulýan hormat-sarpa gün-günden artýar. Üşükliligi, duýgurlylygy, ynsan häsiýetine meňzeýän, köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gözel hem ýyndam bedewler hemişe adamyň ýakyn ýoldaşy, syrdaşy bolupdyrlar. Munuň şeýledigini Göroglynyň gyratyň, alynyň Düldüliniň keşplerinde aýdyň görýäris. “Görogly” şa dessanynda merdana Görogly beg şat gününde-de başyna bir iş düşende-de Gyratyna sygynýar. Oňa: “Men saňa at diýmerin, gardaş diýerin”-diýip ynanjynyň ynamynyň ulydygyny beýan edýär. Ömrüni öz penakäri gyrat bilen geçirýär. Nesilbaşymyz Oguzhan, Alp Arslan, Togrul beg, Çagry beg at üsdünde bolup, ençeme döwlet gurýarlar. Bedewleri bilen ýurt aýlanyp nijeme menzil geçýärler. Olar mukaddes topragy, ata-Watany goramak üçin dal bedewe atlanypdyrlar.Ahalteke atlary özüniň güýçliligi, ýyndamlylygy, üşekliligi bilen dünýä ýüzüne meşhurlyk gazanypdyrlar.Türkmen tebigatynyň gudraty atlara öz täsirini ýetiripdir. Şol täsir esasynda atlarda syzgyrlyk, duýgudaşlyk ýaly häsiýetler kemala gelipdir. Olaryň reňkleri tebigat bilen sazlaşypdyr. Ak, gök, melewşe, gyr, altyn reňkdäki atlar öz owadanlygy, görki bilen dünýäniň atşynaslaryny haýrana goýupdyrlar. Käwagt türkmen atynyň altyn öwüsýän reňkine şübhelenip, ony ýuwdurypdyrlar. Garagum çölünden gözbaş alan tebigy reňk has hem öwşün atypdyr. Atşynaslar bu barada öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edipdirler: “Ahalteke atlary ýaly ýüwrük, dogumly, çydamly, endamlary ýakymly, edil säher şapagynyň şuglasy ýaly ýalkym saçyp duran atlar dünýäniň başga ýerinde ýokdur”.

Türkmen bedewiniň waspy asyrlar boýy şahyrlaryň dilinde senasy bolýar. Hezreti atamyz Magtymguly Pyragy:

Ýigidiň dünýäde üçdür myrady,

Mahbup gerek, ýarag gerek, at gerek

  • diýip, nesihat etse, Magrupy şahyr: “Ýigide gaýratdyr bedew” diýýär.

Bedew atlarynyň şanyna döredilen halk sazlary hem özüniň täsirliligi bilen halkyň aňyna ornan. Ir säherler teleradioýaýlymlarynda ýaýlyma goýberilýän “Göroglynyň at oýnadyşy”, “At çapar”, “At çapan” ýaly halk sazlaryny diňläniňde, at toýnaklarynyň dükürdisi halynyň keseriniň sesine çalymdaş “dükr-dükr” owaz kalbyna siňip, ruhuny göterýär.

Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Biz ýaşlar üçin bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

 

Alym MÄTIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY