Halkymyzyň müňýyllyklar içre kämilleşip gelen ahlak-edep medeniýetini özüniň pähim-parasat dünýäsine siňdirip, onuň mazmunyna çuňňur pelsepe we ruhubelentlik çaýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijililigi ýaş nesli atalarymyzyň ruhuna ygrarly edip terbiýelemekde iňňän gymmatly hazynadyr. Magtymguly Pyragynyň nesil terbiýesi bilen bagly dana setirleri asyrlar içre öz wajyplygyny ýitirmän gelýär.
2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 11204 harby bölüminde harby gullukçylaryň we esgerleriň arasynda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen “Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy umumyadamzat gymmatlygy” atly duşuşyk geçirildi. Kerki etrap merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy G.Hydyrowa, Türkmenistanyň agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň hünärmeni S.Hudaýberenowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, 11204 harby bölüminiň esgeri hatarçy Ý.Begmetow, 11204 harby bölüminiň klubynyň başlygy M.Möwlýamowa çykyş etdiler. Duşuşykda edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda milli ahlak terbiýeçilik mekdebiniň köp asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen ýörelgeleriň asylly maşgala däpleri, urp-adatlary bilen utgaşýandygy, türkmeniň milli däp-dessurlary, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, watansöýüjilik, akgöwünli, adalatly bolmak ýaly edep ýörelgeleriň çuňňur pähim-parasada ýugrulyp kämilleşendigi barada bellenildi.
Enejan ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.