Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar.
2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki şäher agyz suw müdirliginde zähmet çekýän ýaş işgärleriň gatnaşmagynda “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda sagdyn-durmuş ýörelgesini ündemek maksady bilen “Saglyk – ynsan başynyň täji” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew, Kerki şäher agyz suw müdirliginiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy A.Joraýewa çykyş etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.