Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak diýmek öz saglygyňy goramak, ýokary öndürijilikli zähmet çekmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, sport we bedenterbiýe bilen meşgul bolmak diýmekdir. Sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak hem-de sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny, asudalygyny üpjün etmek, ynsan saglygyna, ýaş nesilleriň röwşen geljegine, maşgala ojaklarynyň agzybirligine, mäkämligine howp salýan zyýanly serişdeleriň, ýaramaz endikleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak maksady bilen ýörite meýilnama esasynda yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
2023-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 24-nji orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçylaryň arasynda alkogolyň zyýanly täsiri we temmäki önümleriniň zyýany barada sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen “Saglygym-baýlygym” atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirildi. Duşuşykda Kerki etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň mugallymy B.Judakowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary N.Rahmanowa çykyş etdiler.
Enejan ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.