Hormatly Prezidentimiz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda çykyş edip, örän ähmiýetli we anyk wezipeleriň toplumyny, bu jemgyýetçilik birleşiginiň ýaşlar barada döwlet syýasaty hem-de milli ösüş strategiýalary babatda ýerine ýetirmeli esasy işiniň ugurlaryny kesgitledi. Şolaryň hatarynda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ýaşlaryň arasynda ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary, milli däp-dessurlary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmetsöýerligi, döredijilik ukyplaryny terbiýelemek, olaryň şahsy başarnyklarynyň ýokarlanmagyny goldamak maksady bilen, Arkadagly Serdarymyz 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň dowamynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekdi. Kanunyň kabul edilmegi jemgyýetde taryhy ähmiýetli waka boldy. Ol döwrüň anyk ýagdaýlaryny beýan edýär hem-de häzirki täze eýýamda ýurdumyzyň hut ýaş nesilleriniň amala aşyrmaly giň gerimli özgertmelerini durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. 2023-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 5-nji orta mekdebinde etrabyň 2-3-4-5-6-njy orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synagyna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen 18 ýaşyny dolduran ýigitleriň harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilişini, daşary döwletlerdäki ýokary okuw mekdeplerine okuwa gitmegiň düzgünlerini düşündirmek maksady bilen “Ýaşlar ýurduň geljegi” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Ş.Şirowa, Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň wekili Ö.Çaryýew, Kerki etrap harby wekilligiň wekili B.Çaryýew dagylar çykyş etdiler.
Atajan JORAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.